ÜMZÜGI ILERI HALYÇYLAR

Halyçylyk türkmen gelin-gyzlarynyň gadymdan gelýän el hünärleriniň biridir. Bu ajaýyp sungat nesilden-nesle geçip, barha kämilleşýär. Ýaşlaryň arasynda bu nepis sungaty wagyz etmekde Berekediň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçy gelin-gyzlary göreldeli işleri durmuşa geçirýärler. Kärhanada haly we haly önümleriniň öndürilişi ýyl-ýyldan artýar, dokalýan halylaryň hili gowulanýar. Ene-mamalarymyzyň geçmişde halydyr palasa salan gadymy nagyşlaryna zamanabap öwüşgin berlip, hala çitilýär.

Berekediň çeper halyçylyk kärhanasy şöhratly ýoly geçdi. Onuň düýbi 1936-njy ýylda türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda aň-bilimi ýaýratmaga goşant goşan zenan Şasoltan Garajaýewanyň başda durmagy bilen tutulýar. 1940-njy ýylda haly şereketi, 1949-njy ýylda haly arteli diýen ady alýar. 1960-njy ýylda bolsa haly fabrigine öwrülýär.

Halyçylar ilki Şasoltan Garajaýewanyň ýolbaşçylygynda işleýärler. Soňra fabrige 1949—1983-nji ýyllarda ussat halyçy Jemal Baýramowa ýolbaşçylyk edýär.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda haly kärhanasynda düýpli özgerişlikler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, kärhananyň täze döwrebap binasy gurlup, halyçylara sowgat berildi. Munuň özi öndürilýän haly we haly önümleriniň mukdarynyň artmagyna, hiliniň gowulanmagyna ýardam etdi. Häzir kärhanada halyçy gelin-gyzlaryň 341-si zähmet çekýär. Olaryň köpüsi öň çeper halyçylyk kärhanasynda işläp, rysgal-döwlete eýe bolan halyçylaryň nesilleridir. Kärhananyň düýbüniň tutulany bäri halyçylaryň 10-syna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Gelin-gyzlaryň 10-dan agaragy ordendir medallar bilen sylaglanyldy.

Geçen ýyl kärhananyň çeper elli gelin-gyzlary 2 million 630 müň 359 manatlyk işi ýerine ýetirdiler. Şonda 2750 inedördül metr haly we haly önümleri dokalyp, ýyllyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Gazanýan üstünlikleri bilen ruhlanan halyçylaryň Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylynda-da ümzükleri ileri. Olar häzire çenli 1 million 360 müň manatdan agarak haly we haly önümlerini dokap, Türkmen halysynyň baýramyny zähmet sowgatlary bilen garşyladylar. Halyçylar bäş aýyň 1327 inedördül metr haly we haly önümlerini dokamak baradaky meýilnamany möhletinden öň berjaý etdiler.

Türkmenistanyň at gazanan halyçylary Saçly Çitliýewanyň, Oguldursun Gulmyradowanyň, «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýesi Baýramtäç Orazowanyň, Oguldöndi Annalyýewanyň ýadawsyz tagallalary netijesinde doganlar Gülbahar, Ogulnur Şamyradowalar, Bagtygül Annaberdiýewa, Gülşirin Orazalyýewa, Orazgül Uzmyradowa, Sonagül Esendurdyýewa haly dokamakda baý iş tejribe topladylar we bu gün olaryň özleri halypalyga ýetişdiler.

Geçen ýyl Aşgabatda Türkmen halysynyň muzeýinde geçirilen haly bäsleşigine halyçylaryň birnäçesi gatnaşdy. Şonda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işeňňir agzasy Nartäç Orazjanowanyň ýolbaşçylygynda 4 inedördül metr meýdany bolan, dyrnakgöl bilen hažžykgöl nagyşlary salnyp dokalan haly bäsleşikde ýeňiji boldy. Oguldursun Gulmyradowanyň ýolbaşçylygynda halyçylaryň dördüsiniň dokan, 5,5 inedördül metr meýdany bolan, «Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrylan halysy hem bäsleşikde birinji orna mynasyp boldy.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň dokma pudagynda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň arasynda yglan eden «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda Berekediň çeper halyçylyk kärhanasynyň ýaşlary ýeňiji boldular hem-de bäsleşigiň ýurt möçberinde geçirilen tapgyryna gatnaşdylar.

Halyçylar şu ýyl Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurt möçberinde geçirilen bäsleşige taýýarlykly geldiler. Tejribeji halyçylar Oguldöndi Annalyýewanyň 2,5 inedördül metrlik eňsigölli, Ogulşirin Annaýewanyň «Akmaýanyň ýoly» atly, Nartäç Orazjanowanyň gabsagölli halylary bäsleşige gatnaşyp, oňat baha mynasyp boldular.

Halyçylar işlemäge, göwnejaý dynç almaga döredip beren amatly şertleri üçin Gahryman Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýdýarlar.

Gurbanberdi GOÝUNLYÝEW.

«Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com