WATANYŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky Medeniýet köşgünde maslahat geçirildi. «Arkadagly rowaç Watanyň buýsançly zenanlary» atly maslahata halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar, öý bikeleri, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Maslahatyň öňüsyrasynda, oňa gatnaşyjylar şäherçede ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde bolup, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet aganyň nurana heýkeline belent sarpanyň nyşany hökmünde ter gül desselerini goýdular.

 Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlarda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Döwlet we Milli maksatnamalaryň rowaçlyga beslenilişi dogrusynda täsirli çykyşlar boldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň çykyşlarynda ýokardakylar dogrusynda has giňişleýin durlup geçildi hem-de il-günümiziň eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowa bolsa, ýurdumyzda zenanlaryň eşretli durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi we nesil terbiýelemegi ugrunda alnyp barylýan işler barada aýtdy. «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriniň Meýilnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän işler dogrusyndaky gürrüňe hem ünsi çekmek bilen, ol ýaşlara özleri hakdaky alada mynasyp zähmeti bilen jogap bermäge çagyrdy.

Maslahatyň barşynda türkmen gelin-gyzlaryna mahsus asylly häsiýetler, zenan edebi, maşgala gymmatlygy barada-da söhbet açyldy hem-de şonuň bilen baglanyşykly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Akgözel HOJALYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com