ELLERI ÇEPER, EDEP-EKRAMLY GÖZELLER

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň guramagynda, Lebap welaýatynyň etrap-şäherlerinde «Arkadagly rowaç Watanyň buýsançly zenanlary» diýen at bilen aýdym-sazly, öwüt-ündew çäreleri geçirildi.

Bu çäreleriň çäginde welaýat merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň iň gözel ýerleriniň birinde — türkmeniň nusgawy şahyry Zeliliniň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Eli çeper zenanlar dürli el işlerini ýerine ýetirip, milli tagamlaryň dürli görnüşlerini taýýarlamagyň nusgasyny görkezdiler. Sergä gelenler olaryň el işlerini uly höwes we gyzyklanma bilen synladylar. Ik egrip, jorap örýän, eline iňňe alyp, owadan keşdeleri gaýaýan gelin-gyzlaryň nepisden-nepis el işleri olaryň edep-ekramlylygy bilen utgaşyp, özboluşly sazlaşygy döretdi.

Welaýat medeniýet müdirliginiň we etraplaryň halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren folklor çykyşlarynda halkymyzyň gadymdan bäri dowam edip gelýän däp-dessurlary çeper beýan edildi.

Türkmenabat şäher häkimliginde, şeýle hem welaýatyň Çärjew, Dänew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda hem zenanlar bilen duşuşyklar we sergiler guraldy. Olarda gelin-gyzlaryň edep-terbiýesi, ýaşlaryň milli medeni, ruhy baýlyklarymyzyň gymmatyna bolan garaýyşlary barada giňişleýin gürrüň edildi. Gelin-gyzlaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki eýeleýän möhüm orny, türkmen zenanlarynyň dünýä nusgalyk ajaýyp häsiýetleri barada söhbetler örän täsirli boldy.

Welaýatyň Halaç şäherinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň guramagynda, halyçylaryň arasynda «Haly türkmen halkynyň gadymy we müdimi sungatydyr» diýen at bilen bäsleşik geçirildi. Oňa eli çeper zenanlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Bäsleşigiň Halaç etrabynyň çeper halyçylyk kärhanasynda geçirilmegi ýöne ýerden däldir. Kärhanada zähmet çekýän gelin-gyzlaryň sany 2 müň 200-den geçýär. Etrapda «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan gelingyzlaryň 20-den gowragy bar. Oba ýerlerinde halyçylygyň inçe syrlaryny biri-birine geçirip, bu hünäri nesilme-nesil dowam etdirip gelýänleriň sany barmak basyp sanardan kän. Şeýle bolansoň, bäsleşige gatnaşanlaryň ussatlyk derejesi biri-birinden kem bolmady. Munuň özi bäsleşigiň gyzykly geçmegine mümkinçilik berdi.

Nepis halylary dokaýan zenanlaryň dil çeperligi hem haýran galdyrdy. Olar öz dokan önümlerine salan gölleriniň döreýşi, aňladýan manylary barada täsirli gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän <Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly kitaplaryndan alnan bölekleriň esasynda goýlan sahna oýunlary hem örän gyzykly we täsirli boldy. Soňra bäsleşige gatnaşanlar türkmen halysynyň waspyny ýetirýän aýdymlary, nakyllary we atalar sözlerini aýdyp, zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşik halyçy gelin-gyzlaryň arasynda çeper sözüň gadyryny bilýän, teatr sungatyndan baş çykarýan, sahnada özüni erkin alyp barmagy başarýan zehinli zenanlaryň köpdüginiň güwäsi boldy. Bäsleşigiň dowamynda halyçy gelin-gyzlaryň işden daşary çeper edebiýatlary, aýratyn hem Gahryman Arkadygymyzyň eserlerini höwes bilen okaýandyklaryna hem aňsat göz ýetirýärsiň. Ýerine ýetirijilik ussatlygy boýunça hem olar biri-birinden tapawutlandylar. Emin agzalaryna ýeňijileri saýlamak ýeňil düşmedi. Olaryň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji sehiniň dokmaçylary Täzegül Durdyýewa, Şeker Jumageldiýewa, Sülgün Jumaýewa we Maral Rejepowa dagydan düzülen topar birinji orny eýeledi. Kärhananyň 2-nji sehiniň halyçylary Abadan Haýytmyradowa, Aýgül Mämmetkulyýewa, Güller Bekiýewa, Oguljuma Ýazmedowa dagydan düzülen topar ikinji, şu kärhananyň 1-nji sehiniň işgärleri Oguljemal Derýaýewa, Gözel Haýydowa, Parahat Babalyýewa we Bahar Öwezowa dagydan düzülen topar bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

 

Şakir TURAYEW

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com