Baýramçylyk bäsleşiginiň welaýat tapgyry

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Haly — türkmen halkynyň gadymy we müdimi sungatydyr» atly hünär bäsleşigini yglan etdi. Mary şäherindäki «Ýiti» dabaralar mekanynda bu bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

TZB-niň welaýat bölümi tarapyndan guralan bäsleşige Türkmengala, Sakarçäge,

Oguzhan etraplaryndan hem-de Baýramaly şäherinden halyçy gyz-gelinler gatnaşdylar.

Dutarçylar toparynyň «llimiň» atly halk aýdymy, «Altyn asyr» tans toparynyň milli lybasly gyzlarynyň «Gadymy senet» atly tansy, haly we haly önümlerinden guralan sergiler bäsleşige gatnaşanlara ruhubelentlik eçildi.

Halkymyzyň şöhratly taryhyny, gaýduwsyz-gahrymançylygyny, gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini hem-de çuň mana ýugrulan pähim-paýhasyny nanlarymyz öz dokan nepis halylarynyň öçmejek şöhlelerine siňdirip, gadymy döwürlerden biziň günlerimize ýetiripdirler. Bäsleşikde türk men zenanyna muwapyk asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza, enelerimiziň halal kesp-käri bolan halyçylyk sungatyna buýsanç döretmek, türkmen halysyny we haly önümlerini mahabatlandyrmak maksadyna eýerildi. Bäsleşik 3 şertden ybarat bolup, «Syrlardan dörän gözellik» diýen şertde bäsdeşler gadymy nagyşlaryň syry, halynyň dokalyş usuly, hala salnan milli nagyşlara siňen syrly şekilleriň aýratynlyklarynyň aňladýan manysyny goşgularda çeper beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň halyçylara peşgeş eden «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» kitaplaryndaky rowaýaty sahnalaşdyryp sahna ussatlygyny görkezdiler.

Şeýle-de, «Kesbi-kärim nesillere görelde» diýen ugur boýunça halyçy gelin-gyzlar öz dokan halysyny läleleriň, hüwdüleriň, atalar sözüdir nakyllaryň, gazallaryň üsti bilen wasp etmekde bäsleşdiler. Halylarda gadym y

halkymyzyň şöhratly taryhynyň beýanyny tapýandygyny ýüze çykardylar. Nepis halylaryň ajap senetdigini, gözelliginiň Ýer ýüzüne çaýylandygyny aýtdylar.

Netijede, Sakarçäge etrabynyň halyçylary birinji, Baýramaiy şäherinden höwesjeň halyçylar ikinji orna mynasyp bolup, bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsieşikde Türkmengala, Oguzhan etraplarynyň halyçylary üçünji, dördünji orunlara mynasyp boldular. Hünär bäsleşiginiň ýeňijilerine we oňa gatnaşan halyçy gyz-gelinlere TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

Aýjan ABDYÝEWA.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com