ZENAN— MAŞGALANYŇ GÖRKI

Esenguly etrap we Ekerem şäherçe zenanlar geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşymyza mäkäm ornaşdyrmak, maşgala agzybirligini gorap saklamak, arassa ahlaklylygy, halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerini, asylly däp-dessurlaryny wagyz etmek maksady bilen, çaý başynda söhbetdeşlik geçirildi. «Zenan maşgala sagdynlygynyň gözbaşydyr» ady bilen geçirilen söhbetdeşlige Ekerem şäherçesiniň çäginde ýerleşýän senagat kärhanalarynda, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Onda maşgala terbiýesi, halal zähmet, arassa ahlaklylyk, zenanlarymyz bilen bagly bolan mukaddeslikler barada giňişleýin gürrüň edildi. Zenanlaryň mukaddes ojaklarymyzyň görküdigi we durkudygy aýratyn nygtalyp, ýurdumyzda zenanlar barada edýän uly aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

Araz GELDIÝEW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com