Paýtagtymyza bagyşlanan maslahat

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, «Rowaçlygyň paýtagty gözel Aşgabat» atly maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Pena Aşyrow alyp baryp, nurana paýtagtymyz barada gysgaça gürrüň berdi.

Maslahatda «Türkmenistan» gazetiniň bölüm müdiri Aýjemal Omarowa, Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebiň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Göwher Garaýewa, Aşgabat şäheriniň 13-nji Saglyk öýüniň maşgala bölüminiň müdiri Bägül Atajanowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň başga işlerden boşadylan ilkinji guramasynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Ýazjemal Welaýatowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň talyp hakynyň eýesi Allamyrat Çaryýew çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ak mermere beslenen gözel Aşgabadymyzyň ösüşi barada giňişleýin söhbet açdylar.

Dabara gatnaşanlar gün-günden rowaçlanyp ösýän ajaýyp paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel şäherine öwürmek barada uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözleri aýtdylar.

Halmyrat BÄŞIMOW, Döwlet edaralarynyň kürdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com