ROWAÇLYGYŇ WASPY

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen «Rowaçlygyň paýtagty — gözel Aşgabat» atly aýdym-sazly maslahat ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda geçirilen dabarada ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň paýtagtymyzyň gün-günden özgerýän ajaýyp keşbi, şeýle-de ýurdumyzyň baş şäheriniň gülläp ösmegine goşýan goşantlary barada eden çykyşlary, ak şäherimiziň waspy bolup ýaňlanan goşgular täsirli boldy. Şowhunly dabaranyň ahyrynda Aşgabat şäheriniň etraplarynyň häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalaryna sowgatlar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com