ARKADAGLY DÖWRÜŇ WASPY

Änew şäherindäki merkezi seýilgähde «Ajap döwri peşgeş berdiň, Arkadag!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy.

Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan gülläp ösüşlerinden göwni galkynan, milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar raýatlarda ajaýyp döwrümize, ata Watanymyza bolan çuňňursöýgini has-da berkitmek, ähli ugurlarda gazanylýan taryhy ösüşdir üstünlikleri wagyz etmek, şeýle-de «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik şertleriň birnäçesinden ybarat boldy. Şol şertlere laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda welaýatymyzyň çäginde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler we häzirki wagtda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda alnyp barylýan işler barada ýürek buýsançly sözlerini aýtdylar, rowaçly ösüşleri labyzly wasp etdiler. Olaryň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlarynda, goşgularynda we gazallarynda bagtyýarlyga beslenen döwrümiziň waspy öz beýanyny tapdy. Milli maksatnamalar esasynda durmuşa geçirilýän işleri açyp görkezýän tomaşalar bäsleşige gatnaşyjy zenanlaryň çykyşlarynda aýratyn orun aldy.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralan bäsleşigiň dowamynda emin agzalary zenanlaryň çykyşlaryna, ukypbaşarnygyna mynasyp baha berip, ýeňijileri kesgitlediler. Şeýlelikde, Tejen etrabyndan Taganbibi Mämmetdurdyýewa birinji, Bäherden etrabyndan Aýsenem Myradowa ikinji, Kaka etrabyndan Ogulnur Meredowa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Gülşirin ANNAGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com