ZENAN SARPASY

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, welaýat häkimligi hem-de Bäherden etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda Arçman şäherçesiniň Medeniýet öýünde «Arkadagly rowaç Watanyň buýsançly zenanlary» atly maslahat geçirildi. Maslahata etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler türkmen gelin-gyzlaryna mahsus asylly häsiýetler, zenan edebi, maşgala gymmatlygy barada täsirli gürrüň etdiler.

Şeýle-de ene-mamalarymyzyň kämil sungat derejesine ýetiren el işleriniň häzirki döwürde hem ýaşlar tarapyndan höwesli öwrenilip, döwrebap keşpde has-da kämilleşdirilýändigi barada buýsanç bilen bellediler. Ýaşlary zähmet terbiýesine ugrukdyrmak barada aýdylanlar bolsa, anyk mysallaryň üsti bilen has-da delillendirildi. Medeniýet öýüniň giň eýwanynda guralan el işleriniň, milli lybaslaryň sergisi bolsa ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.

Arzygül AGAYEWA, TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com