ZENANLAR ZEMINIŇ ÝARAŞYGY

Tejen şäherindäki Medeniýet öýünde welaýatyň Gündogar sebit etraplaryndaky edara-kärhanalarda, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän işewür zenanlaryň, şeýle-de mährem eneleriň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. «Arkadagly rowaç Watanyň buýsançly zenanlary» ady bilen geçen bu maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de welaýat häkimligi bilelikde gurady. Türkmen gelin-gyzlarynyň asylly häsiýetlerinden, çeper elliliginden, edep-ekramlylygyndan, jemgyýetde, maşgalada zenanlaryň tutýan orunlaryndan söhbet açýan çykyşlar bu maslahatyň özenini düzdi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri Enemjan Orazowanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň mährem enedir mamalarymyzyň geçmişden geljege ýol salan hünärleri, zenanlary bezeýän edep-terbiýe häsiýetleri, eziz Diýarymyzda zenanlaryň mertebesiniň belende göterilişi baradaky çykyşlary juda täsirli boldy.

Maslahatyň dowamynda şeýle mazmunly çykyşlaryň ýene-de birnäçesi diňlendi. Şol çykyşlarda edepli-ekramly, hoş sözli, terbiýeli bolmagyň zenanlara mahsus bolan gylyk-häsiýetlerdigi aýratyn nygtalyp, asyllylygyň, maşgala ojagyna wepalylygyň asyl nusgasynyň türkmen gelingyzlarynda jemlenendigi hakynda buýsanç bilen gürrüň edildi. Maslahatda bilim ulgamynda işleýän, döredijilik bilen meşgullanýan mugallymlar öz çykyşlarynda türkmen gelin-gyzlarynyň çeper elliliginiň, mährem eneleriň mylaýymlygynyň waspyny şahyrana setirleriň üsti bilen beýan etdiler.

Maslahatdan soňra oňa gatnaşyjylar türkmeniň milli lybaslary, el işleri, haly we keçe önümleri, taryhy we milli gymmatlyklar bilen baglanyşykly taýýarlanan sergiler bilen tanyşdylar. Sergilerde kitap we döwürleýin neşirler, şekillendiriş sungatynyň eserleri hem köpleriň ünsüni özüne çekdi.

Şasoltan ABDYLLAÝEWA

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com