GYZ-GELINLERIMIZE SARPA BELENTDE

Halkymyzyň eşretli, gelin-gyzlarymyzyň rahat we bolelin durmuşy hakynda edilýän aladany Gahryman Arkadagymyzyň her bir işinde görmek bolýar.

Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda — saglygy goraýyş, ylym-bilim, ykdysadyýet, medeniýet, oba hojalyk, önümçilik pudaklarynda işleýän gyz-gelinleriň çekýän zähmetine uly baha berlip, olary işe has-da höweslendirmek maksady bilen birnäçe aýdym-sazly dabaralar, bäsleşikler, döredijilik sergileri, dürli çäreler, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bu ajaýyp işler gyz-gelinleriň, mährem eneleriň näzik göwünlerini göterýär, olar özleri barada edilýän aladalar, goýulýan hormat üçin hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýdýarlar.

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda, maslahat geçirildi. «Rowaçlyga beslenen Watanyň buýsançly zenanlary» diýen at bilen geçirilen maslahata ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän gyz-gelinler we işjeň agzalar gatnaşdylar.

Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda gazanylan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen Milli maksatnamalar, gender deňligi boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň zenanlarynyň, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň we orta mekdeplerde okaýan mekdep okuwçy gyzlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ündemek, milli ýol-ýörelgelerimize esaslanmak, türkmeniň mertebesini, ahlagyny, edebini, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak barada edilýän işler dogrusynda çykyşlar edildi.

Maslahatyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleri, gözel Diýarymyz, gyz-gelinlerimiz wasp edildi. Guralan sergide çeper elli zenanlarymyzyň el işleri öz beýanyny tapdy.

Bu gün eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýan ata Watanymyzyň mähriban gyz-gelinleri döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda yhlasly we netijeli zähmet çekýärler. Çeken zähmetleri, jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändikleri üçin zenanlarymyzyň sylaglanyp durulmagy buýsanjyňy artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz: «Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belentde tutmak halkymyzyň gözbaşyny müýyllyklardan alyp gaýdýan, beýik we şöhratly taryhynyň bütin dowamynda mukaddeslik hökmünde kämilleşdirip gelýän milli ýörelgeleridir» diýip belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe enelerimize, ähli zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpa uludyr. Ählumumy gender deňligi boýunça dünýä ýüzünde alnyp barylýan işlere Türkmenistanyň hem işjefl goşulyşmagy, ýurdumyzda her ýylda Halkara zenanlar gününiň dabaraly bellenilmegi, olara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy, gyz-gelinleriň arasynda dürli görnüşli bäsleşikleriň geçirilmegi ýaly mysallar hem muňa şaýatlyk edýär.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar goja Zeminiň görki bolan mährem eneler, zenanlar, gyz-gelinler üçin uly işleri edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Jennetgül ORAZOWA, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com