habarlar

Üstümizdäki Türkmenistanrowaçlygyň Watany ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine zenanlaryň gatnaşygyny işjeňleşdirmek hem-de olaryň döwrüň derwaýys wezipelerini amal etmeklerine ýardam bermek maksadynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan etmeginde geçirilen «Ajap döwri peşgeş berdiň, Arkadag!» atly bäsleşik ýurdumyzyň sebitlerinde ukyp-başarnyklary, döredijiligi bilen tapawutlanýan zenanlaryň köp sanlysyny öňe saýlady. Şolaryň hatarynda welaýatymyzyň işewür zenanlary hem bu bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ikinji orna mynasyp bolup, işjeňligiň ýokary nusgasyny görkezdiler. Şeýle ajaýyp pursatlarda ýeňijileri tüýs ýürekden gutlap, olar bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşlerimiz Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Soltanbagt Rejepowa hem-de Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň mugallymy Dünýä Kakanowa.

abarçyllki bilen, sizi döwlet derejesinde gazanan şeýle üstünligiňiz bilen gutlaýarys. Bäsleşigiň özüňizde galdyran täsirleri barada aýdaýsaňyz.

Soltanbagt REJEPOWA:

-Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda rowaçlyklara beslenýän ajaýyp günlerimiziň her bir pursady biz, zenanlaryň durmuşymyza-da uly täsirini ýetirýär. Bäsleşige gatnaşyp, ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen özümiz ýaly gelin-gyzlar bilen tanyşmak, tejribe alyşmak, zenanlaryň durmuşy barada söhbetdeş bolmak miýesseretdi. Şeýle hem bäsleşigiň bellenen şertlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmäge çalyşmak öz üstüňde işlemäge hem-de başarnygyňy, döredijiligiňi uly ynam bilen orta çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bu ajaýyp pursatlar Gahryman Arkadagymyzyň zenanlar hakdaky tükeniksiz aladalaryna çyn ýüregimizden çykýan alkyşlarymyzy has-da artdyrdy.

Habarçy: -Üstünligiň açaryny nämelerde görýärsiňiz?

Dünýä KAKANOWA:

-Bäsleşigiň bellenen şertleri arkaly bagtyýarlyk döwrümiziň häzirki bagtly durmuşynyň ajaýyp söhbedini etmäge giň mümkinçilik döretdi. Ony zenan mähri bilen ýürek ýylysyna garyp beýan etmek, kalbyňdaky joşguny töweregiň bilen paýlaşmak, durmuşa gatnaşygyňy açyp görkezmek-bular tüýs bagta ýar zenanlar üçin ajaýyp pursatlar boldy. Ilkinji şertde Arkadagly Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerini,onuň halkyň durmuşyndaky ornuny buýsanç bilen gürrüň berdik.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilen «Daşoguz welaýatyny 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeler dogrusynda beýan etdik. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen welaýatymyzyň häzirki güne çenli gözel keşbegelendigi, maksatnamada bellenen wezipeleriň, ýagny durmuş ulgamyna degişli desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, zähmetkeş halkymyzyň durmuşynyň mundan-da bagtyýar keşbe geljekdigi barada uly joşgun bilen gürrüň etdik. Sanly ulgama geçmegiň konsepsiýasynyň bolsa ösüşlerimizi has-da pugtalandyryp, dünýä derejesine deňleşdirjekdigi baradaky söhbetler çykyşlarymyzyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Bu, elbetde, zenanlaryň häzirki gaýnap joşýan durmuşa gatnaşygynyň işjeňleşýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Soltanbagt REJEPOWA:

-Ikinji şertde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek baradaky wezipeleriň durmuşa geçirilişini beýan edýän, ýagny telekeçiniň durmuşyndan söhbet açýan wakany sähnalaşdyrdyk. Şunda ýyladyş hanada bagtyýar gelin-gyzlaryň ajaýyp durmuşyň hözirini görüp, halal zähmet çekip ýören pursatlaryny degişme äheňine garyp janlandyrdyk. Bazarbolçulygynyň, özümizde önýän, ekologiýa taýdan arassa önümleriň gymmatynyň näderejedigini sahnanyň üsti bilen tomaşaçylara ýetirdik. Üçünji şertde bolsa, bagtyýarlyk dessanyny ýerine ýetirdik. Döwrüň buýsanjyna buýsanç goşýan göçgünli owazlar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şunda toparymyzyň agzalary—Gubadag etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Jennet Orunowa, Boldumsaz etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy Göwher Allamyradowa dagynyň hyzmatlarynyň uly, döredijilik zehininiň tükeniksiz bolandygyny aýratyn belläsim gelýär.

Habarçy: -Tejribe alyşmakkämilleşmegiň baş şerti. Şu barada nämeleri aýdyp bolar?

Dünýä KAKANOWA:

-Bäsleşigiň tutuş dowamyndaky çykyşlaryň ählisi ýokary taýýarlyk bilen ýerine ýetirildi. Beýleki welaýatlardan gelen zenanlaryň çykyşlary-da bizde uly täsirleri galdyrdy hem-de bilmedigini öwrenmäge mümkinçilik döretdi. Şunda esasan hem balkanly zenanlaryň küştdepdisi, maryly, lebaply zenanlaryň janlandyran sahnalary örän täsirli boldy. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, aragatnaşyk ulgamyndaky ösüşlerini beýan edýän sahna oýny döwrebaplygy bilen, ýerine ýetiriliş ussatlygy boýunça has tapawutlandy. Bir-birek bilen tejribe alyşmaga, dostlaşmaga dörän şeýle mümkinçilikler biz, bagtyýar zenanlaryň guwanç-buýsanjymyzy öňküden-de artdyrdy.

Habarçy: -Zehin bilen taýýarlyk utgaşanda üstünlige has ýakyn durup bolýar. Şunda kimleriň hyzmatlaryny agzap geçmek bolar?

Soltanbagt REJEPOWA:

-Welaýat zenanlar guramasynyň ýolbaşçylarynyň hem işgärleriniň, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň medeniýet merkeziniň folklor-režissýory Jemile Saparowanyň taýýarlykdaky irginsiz kömeklerini buýsanç bilen agzasymyz gelýär. Bize sahnada özüňi erkin alyp barmaga, ynamly hereket etmäge, ýürek buýsanjyňy tomaşaça doly ýetirmäge ýakyndan ýardam berdiler. Birleşen tagallalaryň güýji welaýatymyzyň zenanlarynyň döwlet durmuşyna gatnaşygynyň has pugtalanýandygyny açyp görkezmäge mümkinçilik döretdi. Şu pursatda bizi şeýle baky bagta ýetiren Gahryman hem mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden çäksiz hoşallygymyzy aýdýarys. Biz Arkadagly ajap eýýamda ýaşaýandygymyza, işleýändigimize, döredýändigimize, gurýandygymyza hemişe buýsanýarys.

Söhbetdes bolan Mahym PIRIYEWA, «Daşoguz habarlar».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com