KITABY WAGYZ ETMEGIŇ MEDENIÝETI

Golaýda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan Aşgabat şäheriniň kitaphanalaryndan öňdebaryjy işjeň wagyzçy kitaphana hünärmenlerini ýüze çykarmak we kitaphanalarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, «Rowaç döwrüň belent ruhy - Arkadagyň kitaplary» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, kitaphanaçylar «Paýhas çeşmesi» kitabyndan bäş sany nakylyň manysyny düşündirmek, erkin çykyşlary, ýagny edebi-sazly kompozisiýa, sahna oýny, çeper okaýyş we monolog ýerine ýetirmek, hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň biri hakynda kitaphana synyny bermek arkaly özara bäsleşdiler.

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň merkezi şäher kitaphanasynda we kitaphana şahamçalarynda işleýän kitaphanaçylaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemlemesiniň yglan edilýän pursadynda Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy, eminler toparynyň başlygy Ene Mämmedowa şeýle gürrüň berdi: — Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşyndaky: «Jemgyýetçilik guramalaryndan, aýratynda, Ýaşlar guramasyndan aň-düşünjesi ösen ýaşlary kemala getirmek, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek, bu ugurda döwletimiziň alyp barýan işini wagyz etmek üçin uly tagallalar, ýokary guramaçylyk işleri talap edilýär» diýen sözlerinden ugur alyp, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň döredijiliginiň gülläp ösmegine, medeniýetimize goşant goşmagyna ýardam bermek maksady bilen şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi olary geljekki üstünliklere ruhlandyrýar. Şunlukda, kitaphanaçylar hormatly Prezidentimiziň ýazan kitaplaryndan ruhlanyp, Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe mynasyp toý sowgady bilen geldiler. Goý, olara geljekde hem üstünlikler hemra bolsun!

Bäsleşigiň iň bir tolgundyryjy pursadynda emin agzalary ýeňijileri yglan etdiler. Şonda bäsleşigiň baş baýragyna Jahan Gulhanowa mynasyp boldy. Birinji ýere Aýna Ýegenmyradowa, ikinji ýere Jemal Garamedowa, üçünji ýere bolsa Gunça Saparowa mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijileri öz çykyşlarynda kitaphana işgärlerine döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

«Rowaç döwrüň belent ruhy — Arkadagyň kitaplary» atly bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Oguljemal ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com