EL HÜNÄRI — NESILLERE NUSGALYK

Ene­le­ri­mi­ziň müň­ler­çe ýyl­la­ryň do­wa­mynda sün­nä­läp dö­re­den, aň-paý­ha­sy­nyň özbo­luş­ly be­ýa­ny bo­lan el hü­nä­ri ar­ka­ma-ar­ka do­wam edip, hä­zir­ki gün­ler­de-de öz gymmaty­ny ýi­tir­män, ula­nyş­dan gal­man gel­ýär. Enele­ri­miz­den mi­ras, ze­nan­la­ry­my­zyň kalp gö­zelli­gin­den dö­rän el hü­nä­ri ze­nan mer­te­be­si­ni beý­gel­dip, il için­de hor­ma­ty­ny art­dyr­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň we­la­ýat bö­lü­mi hem-de Ma­ry şä­her zenan­lar ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan “Bagt köş­gi” da­ba­ra­lar mer­ke­zin­de “El hü­nä­ri — ne­sille­re nus­ga­lyk” ady bi­len gu­ra­lan işeň­ňir ene­le­riň, ge­lin-gyz­la­ryň üme­si hem özü­ne çe­ki­ji bol­dy. Ga­dym­dan do­wam­ly nus­ga­lyk el iş­le­ri­ne şu gün­ki ne­sil­ler­de söý­gi-hö­wes dö­ret­mek, ola­ra müň öwüş­gin­li el hü­nä­ri­ni öw­ret­mek mak­sa­dy bi­len gu­ra­lan ümä gatna­şan eli iş­li ene­le­ri­miz ik egirmek, ge­lingyz­la­ryň ly­bas­la­ry­nyň bi­çüw-ti­ki­wi, gu­ra­ma dü­şek­çä­niň gu­ra­ly­şy, elbuk­ja­la­ry­nyň dür­li görnüş­le­ri­niň taý­ýar­la­ny­şy ba­ra­da ümä gatnaşan ýaş gyz­la­ra dü­şün­je ber­di­ler, bi­len­leri­ni öw­ret­di­ler. Üme gu­ra­lan ýer­de we­la­ýat ta­ry­hy we ülkä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­niň ha­ly we ha­ly önümle­rin­den, türk­men gyz-ge­lin­le­ri­niň toý lybas­la­ryn­dan, ga­dy­my dö­wür­de ula­ny­lan gap-gaç­lar­dan­dyr es­bap­lar­dan gu­ra­lan ser­gi, go­be­len iş­le­ri, Ma­ry şä­he­rin­dä­ki çe­per­çi­lik mek­de­bi­niň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty bo­ýun­ça, heý­kel­ta­raş­lyk­dan gu­ra­n ser­gi­leri çä­rä gat­na­ şan­lar­da eş­re­pi deý gö­rül­ýän se­net­le­ri­mi­ze buý­sanç duý­gy dö­ret­di. Ümä gat­na­şan gyz-ge­lin­le­riň mäh­ri­ban Arka­da­gy­my­zyň “Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym” at­ly ki­ta­byn­dan par­ça­la­ry aýt­ma­gy, go­puz­çy gyz­la­ryň ça­lan saz­la­ry oňa mil­li­lik öwüş­gi­ni­ni çaý­dy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com