WASPY DILLERDE DESSAN

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky oňyn özgerişler eziz Watanymyzyň nurana geljegi we onuň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy üçin öňde goýlan syýasy, ykdysady we medeni-durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň miweleridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ösüşli gadamlary bedew badyny ýadyňa salýan Watanymyzy söýýän, guwanýan, onuň mertebesiniň has-da beýgelmegine, barha gülläp ösmegine goşant goşýan ildeşlerimiziň her biri uly bagtyň eýesi. Şeýle bagtyň eýeleriniň müň­ lerçesi türkmen zenanlarydyr. Häzirki wagtda ýurdumyz zenanlaryň durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky işlere deň hukukly gatnaşmagyna gönükdirilen gender syýasatyny alyp barýar. Bu deňhukuklylyk syýasaty döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň has-da belent sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlanmagyna işjeň gatnaşmaga türkmenistanly zenanlarda uly höwes döredýär. Hormatly Prezidentimiziň zenanlara bolan çuňňur sarpasyndan gözbaş alýan, ýurdumyzda ýöredilýän gender syýasaty boýunça döwlet derejesinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen işleriň ähmiýeti, bu syýasaty alyp barmak arkaly göz öňünde tutulan maksatlar hakda halka giňişleýin hem dogry düşünje bermek, esasan, jemgyýetçilik guramalarynyň paýyna düşýär. Ýurdumyzda eşretli döwrümiziň hözirini gö­ rüp ýaşaýan raýatlaryň arasynda «Ajap döwri peş­geş ber­diň, Ar­ka­dag!» di­ýen at bi­len ge­çi­ri­len bäsleşik hem Gahryman Arkadagymyzyň başda dur­ma­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän — Di­ýa­rymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleri, ösüşleriň täze belenliklerine badalga berýän döwlet maksatnamalarynyň ähmiýetini halka düşündirmek, il-güne wepalylygy, eziz Watana çuňňur söýgini wagyz etmek ýaly, göwün gülledýän maksatlardan ugur aldy. «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly mynasybetli yglan edilen bu bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde guradylar. Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­larynyň merkeziniň mejlisler jaýynda geçirilen «Ajap döw­ri peş­geş ber­diň, Ar­ka­dag!» at­ly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Aşgabat şäheri we we­la­ýat­lar bo­ýun­ça 1 — 2-nji orun­la­ra my­na­syp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazananlar bäsleşdiler. Bäsleşigiň şowhunyny artdyrmaga ýardam bermek maksady bilen, welaýatlarymyzda hem paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolanlara ýanlaryna goşmaça iki sany kömekçi almaga rugsat berildi. Bäsleşige gatnaşýan toparlar üç ugur boýunça çykyş etdiler. 1-nji ugur «Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda yglan edilen «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­nyň waspyny Aşgabat şäherinde we welaýatlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler hemde şu günlerde alnyp barylýan işler barada buý­sanç­ly, la­byz­ly gür­rüň ber­me­li», 2-nji ugur «Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat şäherinde we welaýatlarda amala aşyrylýan taryhy milli maksatnamalardan bir pursady ussatlyk bilen sah­na­laş­dyr­ma­ly», 3-nji ugur «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýylynyň waspyny şu günüň mysalynda dabaraly aýdymyň, dessanyň, goşgynyň, gazallaryň üsti bi­len buý­sanç­ly, çe­per, şow­hun­ly be­ýan et­me­li» diýen ýumuşlardan ybarat boldy. Ýaryşa gatnaşanlaryň eden çykyşlaryna berlen bahalaryň adalatly bolmagy üçin bäsleşigiň emin agzalary özlerine ynanylan wezipä örän jogapkärli çemeleşdiler. Düzüminde halypa bilim iş­gä­ri, žur­na­list, şahyr, jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni bolan eminler topary bäsleşige gatnaşanlaryň ökde taraplarynyň hem-de goýberilen kemçilikleriň hiç birini gözden salmazlyga çalyşdy. Birinji ýumuşda ýaryşa gatnaşanlaryň çykyşlarynyň mazmun taýdan çuňlugyna, labyzlylygyna baha berlen bolsa, ikinji ýumuşda wakalaryň ýordum baýlygyna, wakalarda gozgalýan meseleleriň wajyplygyna, täsirliligine üns berildi. Üçünji ýumuşda bolsa waspçylaryň ýerine ýetiriş ussatlygynyň derejesi hasaba alyndy. Bäsleşige Balkan welaýatyndan gatnaşan toparyň taýýarlan Diýarymyzyň iň gözel künjekle­ri­niň bi­ri bo­lan «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zolagyna iki sany maşgalanyň çagalary bilen dynç almaga gelen pursadyndaky wakalary açyp görkezýän sahnasynyň, Lebap welaýatynyň toparynyň taýýarlan ýurdumyzyň ulag ulgamynda gazanylan üstünlikleri beýan edýän, uçar menzillerinde gabat gelýän wakalaryň birini görkezýän sahnasynyň öwgä mynasypdygyny emin agzalary aýratyn bellediler. Şeýle-de balkan­ly ze­nan­la­ryň bäs­le­şi­giň 3-nji şer­ti bo­ýun­ça ýerine ýetiren gazallarydyr küştdepdisi, Daşoguz welaýatyndan gelen toparyň bagşyçylyk sungatynyň dessançylyk ugrundan eden çykyşy eminler hem tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşy alyndy. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda aýdyň ýol bilen belentliklerden-belentliklere barýan Watanymyzyň pajarlap ösmegine uly goşant goşýan, bäsleşige gatnaşan zenanlarymyz eşretli günleri bagyş eden hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz alkyşlaryny, gülläp ösýän Watanymyza bolan buýsançlaryny joşgun bilen beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ýaşynyň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuwlap aýdylan guwançly sözler belentden ýaňlandy. Bäsleşigiň jemlerine görä, Balkan welaýatyndan bäsleşige gatnaşan zenanlar 1-nji orna mynasyp boldular. Daşoguz welaýatyndan gelen ze­nan­lar bäs­le­şik­de 2-nji or­ny eýe­le­di­ler. 3-nji orna Lebap welaýatyndan bäsleşige gatnaşan topar mynasyp boldy. Toý dabarasyna öwrülen çäräniň ahyrynda «Ajap döw­ri peş­geş ber­diň, Ar­ka­dag!» at­ly bäs­le­şigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary, şeýle-de bäsleşige gatnaşan beýleki zenanlara höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çemen ANNABERDIÝEWA, «Watan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com