Synmaz Söýginiň eýeleri

Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Zenan mähek daşydyr» diýen pähimi döreden halkymyz adamzat taryhynyň örän irki döwürlerinden bäri ýaşaýşyň gözelligi hem-de gönezligi bolan gelin-gyzlara aýratyn söýgi we hormat bilen garaýar». Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň öňden gelýän ajaýyp ýörelgelerini ösdürmek barada yzygiderli alada edýär. Milli Liderimiziň zenanlarymyza bolan nusgalyk sarpasyndan gözbaş alýan başlangyçlaryň gerimi barha giňeýär. Enelerimize öý-ojaklarymyzyň diregi, durmuşymyzyň sütüni hökmünde
çäksiz hormat goýulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda zenanlara goýulýan sylag-sarpa barada näçe aýtsaňam azlyk eder. Bu hormat-sarpa olary dürli ugurlarda gazanylýan üstünliklere öňküdenem köp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan medeniýet, sungat, bilim, sport, saglygy goraýyş, nebitgaz ulgamlarynda, şeýle-de önümçiligiň dürli ugurlarynda tutanýerli zähmet çekmegiň nusgasyny görkezýän gelin-gyzlaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler, bäsleşikler bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Türkmen zenanlarynyň edep-ekramlylygyny, maşgaladaky tutýan mukaddes ornuny açyp görkezmäge niýet­lenýän şeýle çärelerde gelin-gyzlar bagtyýar döwrümize, Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz söýgi-buýsançlaryny beýan edýärler.

Gurbansoltan Ama­nowa,
Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary,
Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň şäher geňeşiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com