EL HÜNÄRINIŇ ÖWÜŞGINI

Ka­ka et­ra­by­nyň Me­de­ni­ýet öýün­de «Gü­lüň owa­dan» at­ly bäs­le­şi­giň et­rap tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şigi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan çe­per el­li, zäh­met­sö­ýer ze­nan­laryň ara­syn­da yg­lan edi­len bäsle­şi­giň bu tap­gy­ry­na el hü­nä­ri­ne us­sat ze­nan­la­ryň uly to­pa­ry gatnaş­dy. Bäs­le­şige gatnaşanlar öňi bilen, ze­nan­la­ryň el hü­nä­ri­ne degiş­li kä­mil iş­le­ri­ň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy­lar. Ony syn­lan­lar türkmen ze­nan­la­ry­nyň gö­zel te­bi­gaty­my­zyň aja­ýyp keş­bi­ni, hal­kymy­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­ny hem-de gah­ry­man­çy­ly­gy­ny, çuň ma­na ýug­ru­lan pä­him-pa­ra­sa­ty­ny öz ne­pis ha­ly­la­ry­nyň, ke­çe­le­ri­niň dürli na­gyş­la­ry­na siň­di­rip, ga­dymy dö­wür­ler­den bi­ziň gün­le­ri­mize ýe­ti­ren­di­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ha­ky­ka­ta ýe­ne-de bir ge­zek göz ýe­tir­di­ler. Ser­gi bi­len ta­nyş­lyk­dan soň­ra, me­de­ni oja­gyň sah­na­syn­da bäs­le­şik baş­la­dy. Mil­li ke­çä­niň aja­ýyp nus­ga­lary­nyň taý­ýar­lanyş usul­la­ry­ny açyp gör­kez­mek ar­ka­ly ýaş­lar­da ze­nan ede­bi­ni, te­bi­gy gö­zel­li­gi, türk­men ze­nany­na mah­sus asyl­ly gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri ter­bi­ ýe­le­mek, ýaş ne­sil­le­ri­miz­de mil­li gymmatlyklarymy­za , ene-ma­ma­la­rymyz­dan ga­lan aja­ýyp el iş­le­rine bo­lan hö­wesi art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len bäs­le­ şi­giň do­wa­myn­da çe­per el­li zenan­lar de­giş­li şert­ler esa­syn­da ukyp-ba­şar­ny­gy­ny gör­kez­di­ler. Olar türk­men mil­li ke­çe­si­ni taý­ýar­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýüň saý­lap al­mak we ýü­ňi da­ra­mak, piş­ge ýa­sa­mak, ke­çä­niň ga­my­şy­ny do­ka­mak ýa­ly iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler, ke­çä­niň gör­nüş­le­ri, ony taý­ýar­la­mak üçin ze­rur bo­lan gural­la­ryň at­la­ry we şol gu­ral­la­ryň dog­ry ula­ny­ly­şy ba­ra­da gür­rüň ber­di­ler şeýlede ke­çe bi­len bagla­ny­şyk­ly ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ry, yrym­la­ry, ro­wa­ýat­la­ry, gazal­la­ry, aý­dy­şyk­la­ry aýt­dylar. Türk­me­nis­ta­nyň Zenan­lar bir­le­şi­gi­niň et­rap bö­lü­mi ta­ra­pyn­dan ge­çi­rilen bäs­le­şi­giň ne­ti­je­sin­de etrabyň ýaşaýjylary Ma­ýagö­zel Nu­ry­ýe­wa hem-de Ogul­gö­zel Kür­rä­ýe­wa ýe­ňi­ji bo­lup, bäsleşigiň w­lýat tap­gy­ry­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy­lar. Ýörite habarçymyz. SURATLARDA: bäsle­şikden pursatlar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com