SAGDYN ENE — SAGDYN NESIL

Ak bug­daý et­ra­by­nyň Gä­mi oba­synyň Me­de­ni­ýet öýün­de wa­gyz-ne­si­hat mas­laha­ty ge­çi­ril­di. “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­masy­nyň çäk­le­rin­de enä­niň, ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi wa­gyz-ne­si­hat et­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len mas­la­hat Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şigi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň me­ýil­na­ma­sy esasyn­da gu­ral­dy. Oňa halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pudak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän ze­nan­lar, ýaş ge­lin-gyz­lar gat­naş­dy. Mas­la­hat­da sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, mährem ene­ler çy­kyş edip, ýur­du­myz­da ze­nanlar ba­ra­da edil­ýän ala­da, jem­gy­ýe­ti­miz­de ze­nan­la­ryň or­ny ba­ra­da tä­sir­li söh­bet açdy­lar. Onuň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­timi­ziň ýaş nes­li sag­dyn ös­dü­rip, ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ýaş enele­re dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri­ni ber­mek bi­len bag­ly ed­ýän ta­gal­la­la­rynyň üs­tün­de aý­ra­tyn dur­lup ge­çil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça örän köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugurda ka­bul edil­ýän kä­mil ka­nun­lar, ka­nun­laşdy­ry­jy-hu­kuk na­ma­la­ry uly äh­mi­ýe­te eýe bolup dur­ýar. Ene­le­re ça­ga­la­ry­ny mä­hir bi­len gur­şap, ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi üçin döw­let tara­pyn­dan köp ­san­ly ýe­ňil­lik­ler be­ril­ýär, köp ça­ga­ly ene­le­re «Ene mäh­ri» ny­şa­ny, öň­deba­ry­jy ze­nan­la­r bol­sa «Ze­nan kal­by» or­de­ni bi­len sy­lag­lan­ýar. Mu­nuň özi, ýur­du­myz­da ene­ler we ça­ga­lar ba­ra­da­ky ala­da­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­na öw­rü­len­digi­niň ala­ma­ty­dyr. Mas­la­hat­da we­la­ýa­tyň çä­gin­de ýaş ene­ler bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, ene süý­dü­niň ähmi­ýe­ti bi­len bag­ly gür­rü­ňe aý­ra­tyn üns çe­kilip, ol ýe­re ýyg­na­nan ze­nan­la­ra gym­mat­ly mas­la­hat­lar be­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deşler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Ahal we­la­ýat bir­leş­me­si, Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň we­la­ýat bö­lü­mi bi­len bir­lik­de ge­çi­ri­len mas­la­hat örän ne­ti­je­li we tä­sir­li bol­dy.

Gülşirin ANNAGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.

SU­RAT­LAR­DA: wa­gyz-ne­si­hat mas­laha­tyn­dan pur­sat­lar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com