Töre bezeg haly-keçe

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Türkmenistanyň Zenanlar geňe­ şiniň welaýat bölümi bilen bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki «Nebitçi» myhmanhanasynyň giň howlusynda geçirilen bäsleşige çeper elli zenanlaryň 44-si gatnaşdy. Ene-mamalarymyzdan dowam edip, biziň günlerimize gelip ýeten el işleriniň biri-de öýlerimiziň bezegi bolan gülli keçelerimizdir. Çeper elli zenanlarymyzyň döredýän nepis sungaty halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülip, döwrümiziň ösüşleri bilen sazlaşýar. Munuň şeýledigine Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylynda gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen keçe bäsleşiginde-de aýdyň göz ýetirmek boldy. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini çeper elli zenanlar özleriniň el işlerinde: haly-palaslarynyň, keçeleriniň nagyşlarynda, ýeň-ýakalarynyň keşdelerinde şöhlelendiripdirler. Milli keçelerimiziň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmegi, gelin-gyzlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbi­ýelemegi, ýaş gyzlarda milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, el işlerimize bolan höwesi artdyrmagy maksat edinen bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Bäsleşige toparlaýyn gatnaşan zenanlar, onuň şertlerine laýyklykda, keçe taýýarlamakda we haly dokamakda ulanylýan gadymy usullar, gerekli gurallar barada gürrüň berdiler. Keçe salynjak ýüňleri saýlamak, saý­mak, daramak, boýamak, pişge etmek, keçe salmaga niýetlenip çykalýan gam­şyň taýýarlanylyşy ýaly işleri birin-birin görkezdiler we keçe salmakda yzygiderlilikde ýerine ýetirilýän işler barada aýtdylar. Şeýle-de bäsdeş zenanlar gadymy milli aýratynlyklaryna görä «Aktüýnük», «Gyzyltüýnük», «Gözenek», «Gülýaýdy», «Sekizgoçak», «Gapyrga», «Öküz oňurga», «Hindigoçak», «Tazyguýruk», «Äşe» ýaly nagyşlary salyp, keçe güllemekde hem-de haly dokamakda güýç synanyşdylar. Boýy 1,5 metr, ini 1 metr bolan keçeleri saldylar, halylary dokadylar. Bäsdeş zenanlar keçe hem-de haly bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ýürek buýsançlaryny çeper sözlerde, sahnalarda beýan etdiler. Ene-mamalarymyzyň ýaş gyz-gelinlerini el işleri bilen baglanyşykly tymsallaryň, nakyllaryň, aýtgylaryň üsti bilen terbiýeländikleri barada söhbet etdiler. Aslyny has ir döwürlerden alyp gaýdýan el işle­rimiziň, halydyr keçelerimiziň giňden öwrenilmegine ak ýollary açan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Ellerinden dür dökülýän zenanlar ata Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, bagtyýarlyk döwrümiziň hem-de törümiziň bezegi bolan gülli keçelerimiziň, nepis halylarymyzyň waspyny gazallarda ýetirdiler. Netijede, Balkanabat şäherindäki 23-nji orta mekdebiň mugallymy Täzegül Annagylyjowa, Esenguly etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Aýgül Baýramowa, Türkmenbaşy etrap medeni­ ýet bölüminiň başlygy Täç­ bibi Annagulyýewa, Bereket etrap medeniýet bölüminiň baletmeýsteri Gülsenem Baýramgulyýewa birinji, Etrek etrabynyň Madaw oba medeni­ ýet öýüniň işgäri Ogulgül Bekeşowa, Türkmenbaşy şäher merkezi kitaphanasynyň işgäri Ogulhan Annadurdy­ýewa, Serdar etrabynyň Ýalkym oba medeniýet öýüniň müdiri Artykgül Meredowa, Hazar şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgäri Merjen Gurbanowa ikinji, Gumdag şäherindäki 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulbäbek Gurbanowa, Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulbäbek Garaýewa, Serdar şäherindäki 10-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulgül Pomanowa, Magtymguly etrabynyň Çendir geňeşliginiň kätibi Gülnar Sähe-dowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan zenanlaryň hemmesine Hormat hatlary, sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşikde birinji orny eýelänler onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.

Nursoltan Dep­biýewa. Surata düşüren Andreý Pa­kulow. «Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com