MÖHÜM UGRA BAGYŞLANDY

Sarahs etrap medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de welaýat zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde enäniň we çaganyň saglygyny goramak we ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaşlaryň arasynda düzgün bozulmalaryň, şeýle hem nika bozmalarynyň öňüni almakda alnyp barylýan möhüm terbiýeçilik ähmiýetli çäreler dogrusynda çykyşlar boldy. Dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mährem eneleriň, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty G.Baýramowanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hyzmat ulgamynyň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy A.Durdyýewanyň, Sarahs etrap hassahanasynyň lukmany B.Nazarowanyň çykyşlary maslahata gatnaşanlar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Olar çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň, watansöýüjilik we päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler hem-de degişli öwüt-ündew etdiler. Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy G.Gurbandurdyýew, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümiň işgäri, polisiýanyň maýory Ş.Tekäýewa, welaýat polisiýa müdirliginiň wekili M.Çaryýew dagy öz çykyşlarynda halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň kepili bolup durýan milli ýörelgeleriň ornaşdyrylmagy, maşgalada mynasyp däplerimiziň dowam etdirilmegi bilen asuda, agzybir maşgalanyň kemala gelmegini üpjün etmekde ata-eneleriň, maşgala gurýan ýaşlaryň özlerine bagly bolan borçlary we hukuklary dogrusynda giňden durup geçdiler. Olar maşgalada nika bozulmalary bilen baglanyşykly döreýän ýagdaýlaryň öňüni almakda ýerli oba-şäher geňeşlikleriniň, ýaşuly nesliň wekilleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň düşýändigini nygtamak bilen, ýaşlaryň arasynda dürli wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegine giň ähmiýet bermegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekdiler, maşgalada nika bozulmalaryň döremegi bilen baglanyşykly käbir ýagdaýlar barada jikme-jik durup geçdiler.

Wepa ÝAZGYLYJOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com