ÇEPER ELLI ZENANLARYŇ BÄSLEŞIGI

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Ge­ňeşi tarapyndan ýurdumyzyň çeper zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi. Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde geçirilen çärä welaýatyň etrap we Tejen şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan zenanlar gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly ýüp saýlap almak we saýmak, ýü­ňi daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamyşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler, keçäniň görnüşleri, ony taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary we şol gurallaryň dogry ulanylyşy barada gürrüň berdiler, gadymy nagyşlary keçä saldylar, keçe bilen baglanyşykly rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary aýtdylar. Olaryň bu babatdaky ukyp-başarnygy aýratyn tapawutlananlary — ýe­ňijileri ýüze çykarmaga şert döretdi. Netijede, welaýatyň Gökdepe etrabyndan gelen topar ýe­ňiji boldy hem-de döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com