DÖWÜR. ZENAN. MAŞGALA. AHLAK.

Dur­muş mek­de­bin­de kö­pi gö­ren ene­le­ri­miz maş­ga­la oja­gyn­da­ky gyz-ge­lin­le­ri­ni her dö­wür­dede mil­li ru­hu­my­za mu­wa­pyk de­re­je­de ter­bi­ýe­läp bi­lip­dir­ler. Maş­ga­la, ni­ka, öý-ojak, per­zent ter­bi­ýesi dü­şün­je­le­ri­ni ene­le­ri­miz mu­kad­des sa­ýyp­dyr­lar. Türk­men ze­na­ny özü­niň asyl­ly­gy, be­lent ah­la­gy, adam­kär­çi­li­gi bi­len sar­pa­lan­sa, uly gyz­la­ry­myz maş­ga­la­nyň na­mys tu­gy hök­mün­de gör­lüp­dir. “Äri är ed­ýä­nem aýal, ga­ra ýer ed­ýä­nem”, “Aýal öýi di­ki­bem bi­ler, ýy­ky­bam”, “Ene­si­ni gör-de gyzy­ny al, gy­ra­sy­ny gör-de bi­zi­ni”, “Gyz ede­bi — gy­zyl­dan gym­mat” ýa­ly edep na­kyl­la­ry­ny dö­re­den hal­ky­myz är-aýal gat­na­şy­gy, maş­ga­la bin­ýa­dy­nyň berk­li­gi, ony go­ra­mak, maş­ga­la­da er­ke­giň hem aýa­lyň or­ny, ola­ryň bor­jy, per­zent­le­re ha­lal ter­bi­ýe ber­mek dog­ru­syn­da he­mi­şe ala­da edip­dir­ler. Enele­ri­miz­den do­wam­ly şeý­le asyl­ly ýö­rel­ge­ler, mil­li däp-des­sur­lar, edim-gy­lym­lar hä­zir­ki aja­ýyp döwrü­miz­de hem gym­ma­ty­ny ýi­tir­män, ter­bi­ýe gö­nezli­gi bo­lup hyz­mat edip gel­ýär. Ine, Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň wela­ýat bö­lü­mi­niň “Ro­waç­lan­ýan Wa­ta­nym­da, Arka­da­gyň sa­ýa­syn­da ze­nan­la­ry­myz bag­ty­ýar” at­ly wa­gyz-ün­dew mas­la­ha­tyn­da hem esa­sy şu ýo­kar­da ge­ti­ri­len­ler ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin gürrüň edil­di. We­la­ýa­ty­my­zyň Baý­ra­ma­ly şä­he­rinde ýer­leş­ýän S. Türk­men­ba­şy adyn­da­ky dün­ýä bel­li şy­pa­ha­na­nyň giň mej­lis­ler za­lyn­da ge­çi­ri­len mas­la­ha­ta we­la­ýat­dyr et­rap, şä­her hä­kim­le­ri­niň orun­ba­sar­la­ry, we­la­ýat, et­rap, şä­her ze­nan­lar ge­ňeş­le­ri­niň baş­lyk­la­ry­dyr ag­za­la­ry, ady ag­za­lan et­rap­da­ky eda­ra-kär­ha­na­lar­da zäh­met çek­ýän aýal-gyz­lar, mäh­rem ene­ler­dir ta­lyp ýaş­lar, lukman ze­nan­lar gat­naş­dy­lar. Mas­la­ha­ty we­la­ýat hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry, we­la­ ýat ze­nan­lar bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Mäh­ri­je­mal Mämme­do­wa aç­mak bi­len, bu ýe­re ýyg­na­nan ze­nan­la­ry ýur­du­myz­da giň­den bel­le­ni­len Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ra­my bi­len gut­la­dy. Äh­li ze­nan­la­ra sag­lyk, maş­ga­la bag­ty­ny, iş­de üs­tün­lik ar­zuw­lap, ze­nan­la­ra hor­mat goý­ýan mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­za al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy. Mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne ze­nan ede­bi we merte­be­si, ony sak­la­mak, maş­ga­la mu­kad­des­li­gi­ne, ze­nan ady­na şek ýe­tir­jek ýa­ra­maz­lyk­lar­dan ga­ça dur­mak, maş­ga­la­ny go­ra­mak, ni­ka bo­zul­ma­la­rynyň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýan ýag­daý­la­ry öw­re­nip, onuň öňü­ni al­mak, ýaş ene­le­re ene süý­dü­niň äh­mi­ ýe­ti­ni dü­şün­dir­mek, ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak, per­zent ter­bi­ýe­sin­de ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze sal­gy­lan­mak ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­ler gi­ri­zil­di. “Maş­ga­lam — baş ga­lam” di­ýen mow­zuk­da Baý­ra­ma­ly şä­he­rin­dä­ki 3-nji or­ta mek­de­biň ha­ly­pa mu­gal­ly­my, “Ni­ka we maş­ga­la” to­pa­ry­nyň ag­zasy Ak­ja­gül Ba­ba­ku­ly­ýe­wa çy­kyş edip, ady ag­za­lan to­pa­ryň ag­za­la­ry­nyň maş­ga­la­ny go­ra­mak­da, ni­ka bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak­da ed­ýän iş­le­ri ha­kynda anyk my­sal­lar ge­ti­rip, gür­rüň et­di. Ýa­şu­ly enä­niň ze­nan ah­la­gy, maş­ga­la gym­ma­ty ha­kyn­da geç­miş bi­len şu gü­ni de­ňeş­di­rip eden gür­rüň­le­ri tä­sir­li bol­dy. “Mu­kad­des maş­ga­la oja­gy­ny abat sak­la­mak” di­ýen te­ma­da Baý­ra­ma­ly et­rap ka­zy­ýe­ti­niň ka­zynyň kö­mek­çi­si, 2-nji de­re­je­li ýu­rist Şem­şat Mu­hammet­dur­dy­ýe­wa, et­rap hä­kim­li­gi­niň bö­lüm mü­di­ri,

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com