ALKYŞLARYŇ GÖZBAŞYSY SIZ, ARKADAG!

Şeýle mowzukda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, wela- ýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Mary şäheriniň merkezindäki ajaýyp “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda giňişleýin maslahat geçirildi.

Mas­laha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry, Türk­menis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň we­la­ýat, et­rap, şä­her bö­lüm­leri­niň, TKA-nyň we­la­ýat, et­rap, şä­her bir­leş­me­le­ri­niň ag­za­la­ry, il­kin­ji gu­ra­ma­la­ry­nyň baş­lykla­ry­dyr dür­li pu­dak­lar­da zähmet çek­ýän ýol­baş­çy we iş­jeň ze­nan­lar, “Ene mäh­ri” di­ýen hor­mat­ly adyň eýe­le­ri, we­la­ýat, et­rap, şä­her RÝNÝB-niň ýolbaş­çy­la­ry, mäh­rem ene­ler­dir ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar birle­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler arka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li Mer­ke­zi­niň bi­le­lik­de yg­lan eden “Gü­lüň owa­dan!” at­ly bäs­le­şi­giniň jemleý­ji tap­gy­ry­na gat­naş­mak üçin ýur­du­my­zyň Ahal, Bal­kan, Daşo­guz, Le­bap we­la­ýat­la­ryn­dan, Aş­ga­bat şä­he­rin­den ze­nan­lar gu­ra­ma­la­ryň iş­jeň ag­za­la­ry bu mas­la­ha­tyň myh­ma­ny bol­du­lar. Mas­la­ha­ty we­la­ýat hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry, we­la­ýat ze­nan­lar bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Mäh­ri­je­mal Mäm­me­do­wa aç­dy we alyp bardy. Ol ösü­şiň mil­li ýo­ly bi­len öňe bar­ýan Wa­ta­ny­myz­da Gah­ryman Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çiril­ýän tu­tum­ly iş­le­riň, giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň hal­kyň bagty­ýar, eş­ret­li ýa­şaý­şy­na, dö­redi­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi­ne, ýurt ösüş­le­ri­ne, ne­sil­le­riň bag­ty­ýar gel­je­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ne gönük­di­ri­len­di­gi­ni mäh­ri­ban Prezi­den­ti­mi­ze al­kyş söz­le­ri bi­len ut­gaş­dy­ryp gür­rüň et­di. Mas­la­hat­da hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy bo­lan mil­li mi­ra­sy­my­zy düýpli öw­ren­mek we wa­gyz etmek ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ry­ny, Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny ýy­lyn­da we­la­ýat zenan­lar bö­lü­mi ta­ra­pyn­dan tassyk­la­nan me­ýil­na­ma­la­ry­ny ýeri­ne ýe­tir­mek, mil­li mi­ra­sy­my­zy has-da da­ba­ra­lan­dy­ryp, wa­gyz et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­rylýan iş­ler dog­ru­syn­da giň­den gür­rüň­deş­lik ge­çi­ril­di. Mäh­riban Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tanly­gyn­da ýur­du­myz­da ýe­ti­len be­lent sep­git­ler, ga­za­ny­lan gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­ler, halky­my­zyň ýa­şa­ýyş dur­muş dere­je­si­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga gönük­di­ri­len Mil­li mak­sat­na­ma­lar dog­ru­syn­da, mil­li mi­ra­sy­my­zy, türk­me­niň ha­ly-ke­çe­le­ri­niň köpa­syr­lyk ta­ry­hy­ny, gö­zel­li­gi­ni, şu gün­ki ýe­ten be­ýik de­re­je­si­ni wa­gyz-ün­dew et­mek bo­ýunça ýur­du­myz­da ze­nan­lar gura­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan edil­ýän iş­ler we öň­de du­ran we­zi­pe­ler ha­kyn­da çy­kyş­la­ra giň orun be­ril­di. Şeý­le maz­mun­da Türkme­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­giniň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bö­lüm mü­di­ri, ge­ňe­şiň ag­za­sy Enemjan Ora­zo­wa, TKA-nyň Merke­zi der­ňew to­pa­ry­nyň başly­gy Pe­na Aşy­row, TKA-nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy Mu­ham­met­ber­di Gur­ba­now, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­dan ter­bi­ýe­çi Ogul­gerek Ata­ýe­wa, Bal­kan we­la­ýaty­nyň Esen­gu­ly şä­he­rin­den mu­gal­ly­ma Aý­gül Baý­ra­mo­wa, Da­şo­guz çe­per ha­ly­çy­lyk kärha­na­sy­nyň Gu­ba­dag önüm­hana­sy­nyň ha­ly­çy­sy Mäh­ri­je­mal Ata­lo­wa, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Sa­ýat et­ra­byn­da­ky da­şa­ry ýurt di­li­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­de­bi­ň mu­gal­ly­my Je­ren Ba­za­ro­wa, we­la­ýa­ty­my­zyň We­kil­ba­zar etra­by­nyň “Go­ňur” daý­han birle­şi­gin­den kä­ren­de­çi Nur­je­mal Mu­ham­me­do­wa we beý­le­ki­ler çy­kyş et­di­ler. Mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi do­wam et­dir­mek­li­giň, mil­li gym­mat­lykla­ry­my­zy şu gü­ne ýe­tir­mek­ligiň ze­nan yh­la­sy­na bag­ly­dy­gy nyg­ta­lan mas­la­hat­da­ky her bir çy­ky­şyň so­ňy ata ýur­du­my­zy bag­ty­ýar­lyk me­ka­ny­na öw­ren, mäh­rem kä­be­le­ri hor­mat­la­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za alkyş­na­ma­la­ra bes­len­di. Aw­gust aýyn­da Ga­raş­syz ýur­du­myz­da ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­ň ara­synda ge­çi­ril­jek bi­rin­ji Ha­zar yk­dysa­dy fo­ru­my­nyň işi­ne şow­lu­lyk ar­zuw edi­len mas­la­hat iş­jeň ýag­daý­da geç­di. Mas­la­hat oňa gat­na­şan­laryň ör tu­rup, el çar­py­şyp “Arka­da­ga şöh­rat, Gah­ry­ma­na şöh­rat!” di­ýen ruh­lan­dy­ry­jy söz­le­ri bi­len jem­len­di. *** Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler arka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li Mer­ke­zi­niň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň çe­per elli, zäh­met­sö­ýer ze­nan­la­ry­nyň ara­syn­da yg­lan eden “Gü­lüň owa­dan!” bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji döw­let tap­gy­ry­nyň ga­dy­my Mary top­ra­gyn­da ge­çi­ril­me­gi il­deşle­ri­mi­ziň, esa­san-da el hü­nä­rine hö­we­sek gyz-ge­lin­le­ri­mi­ziň ýü­rek buý­san­jy­ny art­dyr­dy. Aka­ba­sy müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş­ly baý me­de­ni mi­ra­symy­zyň, aja­ýyp däp-des­sur­lary­my­zyň, öwüş­gi­ni öç­me­jek ne­pis se­net­le­ri­mi­ziň ga­dy­my dö­wür­ler­den bi­ziň şu gün­le­rimi­ze ge­lip ýe­ten­di­gi­ni, öý-ojakla­ry­my­zyň be­ze­gi bo­lan türkmen mil­li ke­çe­le­ri­niň, ne­pis göl­li ha­ly­sy­nyň aja­ýyp nus­gala­ry­ny wa­gyz et­mek, el hü­nä­rine hö­wes dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň bu tap­gy­ry we­la­ýa­ty­my­zyň Sakar­çä­ge et­ra­by­nyň se­leň ýaýla­syn­da gu­ral­dy. Hy­dyr ge­zen giň ýaý­la­da toý be­ze­gi — alty ga­nat ak öý­ler ha­tar tu­tup, ola­ra ýa­na­şyk ýer­le­şen se­ki­ler mil­li rö­wüş­de be­ze­lip­dir. Aş­ga­bat şä­he­ri­ne­dir we­laýat­la­ryň her­si­ne ni­ýet­le­nen ak öý­le­riň öňün­dä­ki giň meý­dan­ça gyr­my­zy ha­ly­lar­dyr aja­ýyp keçe­ler dü­şe­lip­dir. Içi ýüň-ýu­makly ha­ly hor­jun­lar, ha­ly­ça­lar­dyr ha­ly önüm­le­ri, hor­jun-tor­ba­lar gö­zü­ňi eg­len­dir­jek gö­zel­li­ge eýe bol­sa, bir­ýan­da ke­çä­niň ga­my­şy do­kal­ýar, ki­çeň­räk ha­ly ýü­wür­dil­ýär, ga­raz, ga­dy­my senet-sun­ga­ty­myz bo­lan el hü­nä­ri bi­len meş­gul­lan­ýan gyz-ge­lin­ler üý­şüp, bu ýe­rde ha­ky­ky türkmen dur­mu­şy­ny dö­red­ýär. Ýurdu­my­zyň çar kün­je­gin­den ge­len mil­li ly­bas­ly gyz-ge­lin­ler ke­çe taý­ýar­la­mak üçin ge­rek bo­lan ýü­ňi saý­lap alyp, ýüň da­rak­da da­ra­mak­da, ýü­ňi saý­mak­da, piş­ge ýa­sa­mak­da, dür­li reň­ke bo­ýa­mak­da, ke­çä­niň ga­my­şy­ny do­ka­mak­da bäs­leş­di­ler. Bäs­deş ze­nan­lar öz we­la­ýat aý­ra­tynlyk­la­ry­na gö­rä mil­li na­gyş­la­ry sa­lyp ke­çe gül­le­mek­de, ke­çäni bi­şi­rip, ony çek­mek­de başar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Şu ýer­de Ma­ry top­ra­gy­na mah­sus “Eg­rem ­go­çak” nag­şy sal­nan ke­çe­le­riň gö­zü­mi­zi eg­len­di­rendi­gi­ni bel­lä­sim gel­ýär. Bäs­deş ze­nan­lar ke­çä­ni taýýar­lap gör­kez­mek bi­len bir­lik­de onuň taý­ýar­lanyş usu­ly, bu işde ge­rek­li gu­ral­lar ba­ra­da gürrüň ber­di­ler. Bäs­le­şik ge­çi­ril­ýän meý­dan­ça­da mil­li egin-baş­ly oglan-gyz­ja­gaz­la­ryň oý­nan aşyk, “Aý­te­rek — Gün­te­rek” ýa­ly mil­li oýun­la­ry ru­hy gym­mat­lyk­la­rymy­zyň ýaş ös­dü­rim­le­re ýe­ti­rilýän­di­gi­ni gör­kez­di. Üs­ti gyr­my­zy gül­li ha­ly­ly seki­ler­de ýer­le­şen gyz­lar to­pa­ry go­puz­da dür­li saz­la­ry ça­lyp gö­wün gö­ter­se­ler, ojar odu­na la­syr­dap gaý­na­ýan taň­ka çaýy­nyň ba­şyn­da­ky eg­ni gyr­myzy don­ly, silk­me tel­pek­li bag­şysa­zan­da­lar halk äheň­le­ri bi­len ýü­rek­le­re ýol sal­dy­lar. Bäs­le­şi­giň bi­rin­ji hem-de ikin­ji şert­le­ri Sa­kar­çä­ge et­raby­nyň giň ýaý­la­syn­da ge­çi­ri­lip, ene­le­ri­mi­ziň sün­nä­läp synt­gylan aja­ýyp el iş­le­ri­mi­ze söý­gihö­wes, buý­sanç-gy­zyk­lan­ma dö­re­den bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni saý­la­mak emin ag­za­la­ry­na ýeňil düş­me­di. *** Ýur­du­my­zyň Aş­ga­bat şä­herin­den hem-de we­la­ýat­la­ryndan ze­nan­la­ryň Ma­ry top­ragyn­da myh­man­çy­lyk­da bo­lan üçün­ji gü­nün­de “Gü­lüň owadan!” at­ly hü­när bäs­le­şi­gi­niň do­wa­my we­la­ýat ta­ry­hy we ülkä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­niň öňündä­ki toý gör­nü­şin­de be­ze­len giň meý­dan­ça-da şat­lyk-şowhu­na bes­len­di. Ak öý­ler di­ki­lip, bag­şy-sazan­da­la­ryň mah­mal owa­zy çarýa­na do­lan bäs­le­şik­de ze­nanlar to­pa­ry üçün­ji şert bo­ýun­ça, ýag­ny, gö­zel­lik sun­ga­ty — gü­li owa­dan ke­çe hem-de gö­li owadan ha­ly­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ry, yrym­la­ry, na­gyş­lar ha­kyn­da­ky ga­dy­my ro­wa­ýat­la­ry, ga­zal-aý­dy­şykla­ry we bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne ýü­rek buý­sanç­la­ry­ny şa­hy­ra­na se­tir­ler­de çe­per sah­na­lar ar­kaly be­ýan et­di­ler. Eziz kä­be­le­ri­mi­ziň dünýä be­ren ajap sun­gat ese­ri gyr­my­zy ha­ly­lar­dyr ke­çe­le­ri wasp edip, S. Türk­men­ba­şy adyn­da­ky we­la­ýat me­de­ni­ýet köş­gü­niň “Al­tyn asyr” tans to­pa­ry­nyň mil­li ly­bas­ly gyz­lar to­pa­ry “Ha­ly” tan­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Uýa­lar Ogul­na­bat­dyr Sül­gün Ber­di­ýe­wa­la­ryň “Bagty­ýar­lyk ýo­ly”, aý­dym­çy Anna­je­mal Gur­ban­gel­di­ýe­wa­nyň “Gül­le sen, Türk­me­nis­tan!” di­ýen aý­dym­la­ry, Tag­ta­ba­zar et­rap me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň du­tar­çy ze­nan­lar to­pa­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren halk aý­dym­la­ry bäs­le­şi­ge şow­hun çaý­dy. Bäsle­şi­giň geç­ýän ýe­rin­de mu­zeý gym­mat­lyk­la­ryn­dan, çe­per­çi­lik mek­dep­le­ri­niň su­rat­keş­le­ri­niň çe­ken su­rat­la­ryn­dan ser­gi­le­riň gu­ral­ma­gy mil­li sun­ga­ta go­ýulýan be­lent sar­pa­dan söz aç­dy. Keçe ugry boýunça baý­rak­ly bi­rin­ji or­ny Ma­ry hem-de Bal­kan we­la­ýat­la­ry­nyň ze­nan­lar to­parla­ry eýe­le­di­ler. Ikin­ji orun­lar Aşga­bat şä­he­ri­niň hem-de Ahal we­la­ýa­ty­nyň ze­nan­lar to­parla­ry­na de­giş­li bol­dy. Haly ugry boýunça Mary, Ahal welaýatlary birinji, Le­bap, Daşoguz we­laýat­la­ryn­dan halyçy ze­nan­lar topar­la­ry ikinji orunlara my­na­syp bol­du­lar. Ýe­ňi­ji­le­re hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ziň gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Bäs­le­şi­ge gat­na­şan­lar Ma­ry top­ra­gy­nyň gö­zel ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan “Ga­dy­my Merw” ta­ry­hy- -me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­syna, ga­dy­my ga­la­lar­dyr bi­na­la­ra sy­ýa­hat et­di­ler. Ma­ry top­ragy­nyň myh­man­la­ry­na “Ýo­luňyz ak, işi­ňiz şow­ly, ze­nan­la­ry hor­mat-sar­pa­la­ýan Gah­ry­man Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, işi ro­waç, ýur­dy abat, ili aman bolsun!” diý­ýä­ris. Aýjan ABDYÝEWA. “Maru — şahu jahan”. SURATLARDA: Mary topragynda geçirilen maslahatdan hem-de hünär bäsleşiginden pursatlar. Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com