ÄLE­ME MEŞ­HUR SE­NET­LER

Bu türkmeniň äleme meşhur milli senetleri sanardan köp. Enelerimiziň sünnäläp, senet derejesine ýetiren gadymy el hünärleriniň biride göli owadan halylarymyzdyr güli gözel keçelerimizdir. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde yglan eden “Gü­ lüň owadan!” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry Mary topragynda belent ruhubelentlikde, aýdymsazly, hakyky toý ruhunda geçirilip, türkmeniň baý milli mirasynyň hormat-sarpasynyň belentdigini Diýarymyza ýaýdy. Paýtagtymyzdan hem-de wela­ ýatlardan gadymy mekana gelen myhman zenanlar gadyrly garşylanyp, “Gülüň owadan!” atly hünär bäsleşigi Sakarçäge etrabyna degişli giň ýaýlada toý ruhunda baş­ landy. Bu ýerde bäsdeş zenanlar topary şertleriň birinji hem-de ikinji ugurlary boýunça çykyş etdiler. Keçeçi hem-de halyçy zenanlaryň taýýarlan çykyşlary, aýdan rowa­ ýatlary, noý-noýlary, ýareýjanlary, gazal-aýdyşyklary, yrymlardyr ke­ çäniň, halynyň saglyga peýdasy baradaky jümleleri toparlaryň ýokary taýýarlykly gelendigini görkezdi. Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki göýä, läle-reý­ han açylan dek älemgoşar öwüş­ ginli nepis halylardyr türkmen keçeleri bilen bezelen giň meýdançada bäsdeş toparlar bäsleşigiň üçünji şertini berjaý edip, ömrüni, zähmet ýoluny, yhlasyny bu sungata bagyş­ lan ussat zenanlarymyz ýeňiji bolup ildeşlerimizi guwandyrdylar. A. MUHAMMEDOWA. SURAT­LARDA: Mary topragynda geçen «Gülüň owadan!» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda. Suratlary düşüren Şamyrat AMA­DOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com