El hü­nä­ri il gezer

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­ gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de bu gün­ki gün türk­men me­de­ni­ýe­ti, sun­ga­ty, milli mi­ra­sy­myz dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Kö­kü­ni ga­dy­my­ýe­tiň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan mil­li mi­ra­sy­myz bo­lan ke­çe­le­ri­miz hem-de halylarymyz bize ene-mamala­ry­myz­dan ga­lan aja­ýyp sun­gat­dyr. Öň­ňin we­la­ýat me­de­ni­ýet mer­ke­zin­de Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň çe­per el­li ze­nan­la­ry­nyň hem-de haly­çy­la­ry­nyň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň mer­ke­zi Ge­ňe­şiniň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň bi­lelik­de gu­ra­mak­la­ryn­da «Gü­lüň owa­dan» at­ly bäs­le­şi­giň we­la­ýat tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Bäs­le­şi­giň il­kin­ji şer­ti ke­çä­ni we haly­ny taý­ýar­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýü­ňi saý­lap al­mak­dan we saý­mak­dan, da­ra­mak­dan, bo­ýa­mak­dan, ke­çä­niň gam­şy­ny do­ka­mak­dan, ha­ly ýü­würtmek­den hem-de ke­çä­ni taý­ýar­la­mak üçin ze­rur bo­lan gu­ral­lar bi­len ta­nyş­dyr­mak­dan yba­rat bol­dy. Bäsleşigiň ikin­ji şer­ti­nde we­la­ýa­ty­my­zyň aý­ra­tynlyk­la­ry­na gö­rä, mil­li na­gyş­la­ry sa­lyp, ke­çe gül­le­me­li­di we ha­ly do­ka­ma­ly­dy. Üçün­ji şer­tin­de bol­sa bu aja­ýyp sun­gatyň ta­ry­hy ba­ra­da gür­rüň be­rip, bag­ty­ ýar döw­rü­mi­zi şa­hy­ra­na se­tir­le­riň üs­ti bi­len wasp et­me­li­di. Bäs­le­şi­ge gat­na­şan dört adam­dan yba­rat bo­lan ze­nan­lar to­par­la­ry­nyň ähli­si şert­le­ri ez­ber­lik bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­diler. Oňa gat­na­şan we­la­ýa­tyň folk­lor topar­la­ry bol­sa bu ýer­de toý da­ba­ra­sy­ny jan­lan­dyr­dy­lar. We­la­ýat ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­niň su­rat ser­gi­si we we­la­ýat ki­tap­ha­na­sy­nyň gu­ran ki­tap ser­gi­si daba­ra öz öwüş­gini­ni çaý­dy. Bäs­le­şi­ge gat­na­şan to­par­laryň ag­za­la­ry öz us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Şun­luk­da emin­ler to­pa­ry­nyň ge­len ne­ti­je­si­ne gö­rä, Sa­ýat et­ra­by­nyň ze­nan­la­ry bi­rin­ji or­na my­na­syp bol­du­lar we bäsle­şi­giň döw­let tap­gy­ry­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy­lar. Ha­laç et­ra­by­nyň ze­nan­la­ry ikin­ji, Hojam­baz et­ra­by­nyň ze­nan­la­ry bolsa üçün­ji orunlary eýe­le­di­ler. Bäs­le­şi­ge gat­na­şan äh­li to­parla­ra Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­ me­si ta­ra­pyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

Maral Agamyra­dowa.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com