...NUSGA BOLUP GALSYN ILDEN-ILLERE

Düýn Türkmenistanyň Jemgy­ýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Kärdeşler arkala­şyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňe­ şiniň bilelikde guramaklarynda ata-babalarymyzdan miras galan halk senetçiliginiň, sungatyň gymmatyny ýaşlara wagyz etmek maksady bilen «Senet — eliň altyn bilezigi» atly maslahat geçirildi. Oňa kärdeş­ler arkalaşyklarynyň dürli ulgamda zähmet çekýän agzalary, jemgyýet­ çilik işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de halky­my­zyň gym­mat­ly­gy bo­lan, türk­me­niň ta­ry­hy­ny özü­ne siň­di­ren mil­li sun­ga­tymy­zyň sar­pa­la­ny­şy ha­kyn­da ­gür­rüň etdi­ler. Ga­dy­my ama­ly-ha­şam sun­ga­ty ýag­ny, ha­ly­çy­lyk, zer­gär­çi­lik, küý­ze­gär­çilik halk sun­ga­ty­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Bu sun­gat­la­ryň bi­te­wi saz­la­şy­gy türk­men dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­lip­dir. Hal­ky­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da ze­hin­dir yh­la­syn­dan sün­nä­läp dö­reden el iş­le­ri­ni kä­mil de­re­je­le­re ýe­ti­rip­dir. Mas­la­hat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mi­ra­sy­my­za, mil­li sun­ga­ty­my­za uly üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de sun­ga­ty­my­zyň galky­nyp, hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik hy­ju­wy­nyň ga­nat­lan­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry mer­ke­ziniň baş gi­rel­ge­sin­de gu­ra­lan ser­gi bu çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­ni ha­sam art­dyr­dy. Ser­gi­de Türk­me­nis­ta­nyň Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýi­niň gaz­na­syn­da saklan­ýan nak­gaş­lyk, ke­ra­mi­ka eser­le­ri, Gur­ban­sol­tan eje adyn­da­ky Aş­ga­badyň ýü­pek fab­ri­gi­niň önüm­le­ri, Aş­gabat şä­he­rin­dä­ki Ça­ga­lar we ýet­gin­jekler köş­gü­niň ça­ga­la­ry­nyň dö­re­den el iş­le­ri, «Türk­men at­la­ry» döw­let bir­le­şi­gi­niň mil­li buý­san­jy­myz ha­sap­lan­ ýan be­hiş­di ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ze ýa­ra­şyk ber­ýän zer­gär­çi­lik önüm­le­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Şe­kil­len­di­riş sun­ga­tymy­za uly go­şant go­şan ta­ny­mal surat­keş­ler Ny­ýaz­my­rat Dowodo­wyň, IwanIl­ýi­niň, Aý­han Ha­jy­ýe­wiň, Dur­dy Baý­ra­mo­wyň, Ka­mil Mir­ga­li­mo­wyň, Ça­ry Öw­wä­ýe­wiň nak­gaş­ eser­le­ri­niň baý ma­ny-maz­mu­nyn­da türk­men durmu­şy, mil­li halk sun­ga­ty­na bo­lan buý­ san­jyň was­py şöh­le­len­ýär. Ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler köş­gü­niň ça­ga­la­ry­nyň suw kä­di­le­ri­niň ýü­zün­dä­ki na­gyş­la­rynyň mil­li saz­la­şy­gy tä­sir­li­li­gi bi­len ünsü­ňi özü­ňe çek­ýär. Aş­ga­ba­dyň ýü­pek fab­ri­gi­niň önüm­le­ri bo­lan ýü­pek ha­lyla­ryna, mil­li ke­te­ni­le­riň dür­li gör­nüş­le­rine, ze­nan­la­ryň ýan gap­jyk­la­ryna hem-de düýp­li gy­ňaç­dyr ýü­pek­den do­ka­lan ha­ly hor­jun­la­ra-da uly orun ber­lip­dir. * * * Düýn Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da şä­he­riň Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi­niň we Bag­ty­ýar­lyk et­rap hä­kimli­gi­niň gat­naş­ma­gyn­da «Bag­ty­ýar­lyk» me­de­ni­ýet öýün­de «Ar­ka­dag hem Wa­tan şöh­ra­tym — Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nym» at­ly aý­dym-sazly da­ba­ra ge­çi­ril­di. On­da «Aş­ga­bat» dö­re­di­ji­lik to­pa­ry­nyň aý­dym­çy­la­rydyr tans­çy­la­ry, sa­zan­da­la­ry çy­kyş etdi. Şä­he­riň ösü­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly guralan ser­gi hem täsirli boldy.

Guwanç MÄ­MI­ÝEW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com