GÖZELLIGIŇ güllerdäki beýany

 

Zenanlar halkymyzyň şöhratly taryhyny, tebigatymyzyň gaýtalanmajak gözelligini, ajaýyp keşbini öz nepis halylarynyň, keçeleriniň öwüşginli göllerine, nagyşlaryna, güllerine siňdirip, nesillere miras galdyrýarlar. Türkmeniň milIi keçesiniň, halysynyň ajaýyp nusgalarynyň taýýarIanyş usulIaryny ýaşIaryň arasynda açyp görkezmek olarda milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işIerine boIan höwesi artdyrmagyň esasy çelgisidir. Bu babatda Türkmenistanyň Zenanlar birI eşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşykIarynyň MilIi merkeziniň bileIikde yglan etmeginde indi ýylyň-ýyIyna geçirilmegi däbe öwrülen «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň ähmiýeti örän uludyr. Golaýda TZB-niň welaýat böIüminiň guramagynda bu bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa milli senedimiz bolan keçe taýýarlamak, haly dokamak boýunça baý tejribesi bolan, bäsleşigiň desIapky tapgyrlarynda öňe saýlanan zenanlar gatnaşdyIar.

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň ajaýyp görnüşde bezelen girelgesi şol gün tüýs toýhanany ýatlatdy. Haly we haly önümleriniň, keçä degişIi ähIi önümleriň rejeIenip ýerleşdirilmegi, gyz-gelinleriň ajaýyp el işleriniň, hormatIy Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän gymmaty egsilmejek kitaplarynyň sergileri bäsleşigiň mazmuny bilen özara sazlaşygy emele getirdi. Bäs I eşigiň şertI erine laýyklykda, oňa gatnaşyjy gyz-geIinIer türkmeniň milli keçesini, ajaýyp halysyny taýýarlamak bilen baglanyşykly käbir işleri, ýagny ýüň saýlap almak, saýmak, daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamyşyny dokamak, haly ýüwürtmek ýaly işleri ýerine ýetirip görkezdiler, şonuň ýaly-da, degişli iş gurallarynyň atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler. Welaýat aýratynlygymyza laýyklykda güller hem nagyşlar salyp, keçe taýýar- lap, haly dokap görkezdiler. Ahyrky şertde bolsa bäsdeş zenanlar keçe hem-de haly bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, gülleriň, nagyşlaryň gelip çykyşyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary ýerine ýetirdiler, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary aýdyp, ýüreklerindäki döwre buýsanjyny açyp görkezdiIer. BäsIeşik ýokary taýýarlyk derejesinde, örän mazmunly, şol bir wagtyň özünde şatIyk şowhunly geçdi. BagtyýarIyk döwrüniň bagtly pursatlaryny öz durmuşlarynda görüp, duýup ýaşaýan zenanlar oňa bolan gatnaşygynyň näderejededigini açyk-aýdyň görkezdiler. Haserjel çykyş eden zenanlar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Şonda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Sülgün Weýisowa, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan Bike Gurbanmämedowa 1-nji orna mynasyp bolup, şu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Gubadag etrabyndan Mährijemal Atalowa, Saparbibi Arazmyradowa 2-nji orna, Sapar- myrat Türkmenbaşy etrabyndan Baýramgül Agajykowa, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan Maýsa Akgamowa 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşyjylara TKA-nyň welaýat birIeşmesiniň ýadygärI ik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň dowamynda şonuň ýaly-da, welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Onda zamanamyza buýsanç, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli tutumIaryna alkyşlar belentden ýaňlanyp, degre-daşy gurşap aldy.

Ýörite habarçymyz.

 

 

 

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com