sagdyn durmuş ýörelgesi wagyz edildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstümizdäki ýylyň başynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiren duşuşygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek bilen bagly beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksadynda ata Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem giň gerimli çärelere uly orun berilýär. Golaýda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahat hem hut şol wezipelere bagyşlandy. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jogapkär işgärleri, welaýat maliýe we ykdysadyýet, welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi, welaýat Pensiýa gaznasy, welaýat statistika, welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, welaýat salgyt bölüminiň ähli etrapdyr şäher bölümleriniň, welaýat Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň, bank ulgamynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Täçmyrat Rejepow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Işgärler syýasaty bölüminiň başlygynyň orunbasary, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Mährijemal Gelenowa, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Bilbil Saparowa, welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi Selbi Saparnazarowa, welaýat kazyýetiniň arza-şikaýatlar bölüminiň başlygy Çynar Orazowa, Türkmenistan Hormatly il ýaşulusy Bally Narçyýew, mährem ene Oguljan Pollyýewa dagy çykyş edip, döwrüň öňe sürýän wezipeleri baradaky täsirli gürrüňleri beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini ilerletmekde birleşen tagallalaryň, oýlanyşykly tutumlaryň ýokary netijelerini berýändigi baradaky maslahatlary häzirki wagtda her bir ugurda ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. Bu elbetde, ýurduň ykdysady ösüşini pugtalandyrmakda, halkyň bagtyýar ýaşaýşyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde mundan beýläk ýerine ýetirmeli işler baradaky öňde goýýan wezipeleriniň durmuş hakykatyna gowuşmagyny gazanmak her bir döwlet gullukçysynyň mukaddes borjy bolmalydyr. Şunda halal zähmet çekmegiň, sagdyn-durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň utgaşykly alnyp barylmagy netijesinde öňde goýlan maksatlara ýetilýändigi, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň doly we gyşarnyksyz berjaý edilmelidigi, her bir döwlet gullukçysynyň öz wezipe borçlaryna dogry düşünip iş l emelidikleri, ýurdumyzyň her bir raýaty barada döwlet derejesinde edilýän alada l ara mynasyp iş bilen jogap bermelidigi barada çykyşlarda nygtalyp geçildi. Halkymyzyň bagtyýar şu güni we bagtly geljegi ugrunda tükeniksiz işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz sagbolsun aýdyldy.

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com