WATAN ROWAÇLANÝAR ARKADAG BILEN

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň dünýä ýaň salan şanly wakasy — 12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň, dünýä syýasatçylarynyňdyr alymlarynyň, diplomatlaryňdyr ekologlaryň, işewürleriňdir bagtyýar ildeşlerimiziň gatnaşmagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýyny has-da artdyrdy. Milli Liderimiziň sebitde we dünýäde durnukly ösüşe ýetmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy. Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygyndaky gatnaşyklaryny ösdürjek birinji Hazar ykdysady forumynyň çäginde işewür zenanlar bilen bagly meseleler hem ünsden sowa geçmän, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň işewür zenanlary bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň arasynda özara gatnaşygy, hyzmatdaşlygy berkitmek barada memorandiuma gol çekildi. Bu şatlykly waka ildeş zenanlarymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Ine, şular dogrusynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan welaýat merkezindäki “Mary” myhmanhanasynda giňişleýin maslahat geçirildi. Oňa welaýat, etrap, şäher zenanlar geňeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň başlyklarydyr işjeň agzalary, işewür zenanlar, mährem enelerdir ýaşlar gatnaşdylar. Maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Mährijemal Mämmedowa alyp baryp, gün tertibindäki meseleler bilen tanyşdyrdy. Yklymlary birleşdirýän Hazar deňziniň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi diýlip atlandyrylmagyna ýürek buýsançlary beýan edilen çykyşlar, ýokary derejede geçen taryhy forumdan galan täsirler, onda garalan ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tekliplere seslenmeler maslahatda giň orun aldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, Wekilbazar etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar geňeşiniň başlygy Akgözel Myradowa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, şu etrapdaky 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ejebaý Kömekowa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni Bahar Kakalyýewa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşiginiň başlygy Jennet Agaýewa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgäri Dünýägözel Gurbanjumaýewa, Sakarçäge etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar geňeşiniň başlygy Sülgün Babaýewa we beýlekiler çykyşlarynda türkmenistanly we astrahanly işewür zenanlaryň arasynda özara bähbitli işewürlik gatnaşyklarynyň çygryny giňeltjek memorandumyň baglaşylmagyna ýürek buýsançlaryny bildirdiler. Welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy maslahaty jemlemek bilen ösýän, özgerýän, gülleýän we halkara hyzmatdaşlyklary rowaçlandyrýan Gahryman Prezidentimiziň türkmen zenanlaryna goýýan belent hormatyna jogap edip, maslahata gatnaşan zenanlary döredijilikli işläp, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge çagyrdy. Maslahat oňa gatnaşanlaryň Arkadag Prezidentimize alkyşnamasy bilen tamamlandy.

Aý­jan AB­DY­ÝE­WA. “Maru — şa­hu ja­han”

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com