Zenan edebi hakda söhbet

Ýurdumyzyň uly ösüşlere eýe bolýan medeniýet ulgamynda zähmet çekýän zenanlarymyz hem hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleriniň, giň gerimli medeni syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, wagyz edilmeginde mynasyp işleri alyp barýarlar. Bu babatda, aýratyn hem, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary tarapyndan dürli maslahatlar, duşuşyklar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär. Düýn Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň zenanlar guramasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Ge­ňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Zenan edebi — zenan bezegi» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekilleri, hormatly eneler, medeniýet sungat işgärleri gatnaşdylar. Birinji Hazar ykdysady forumy, maşgala mukaddesligi, ene süýdüniň ähmiýeti, gender deň­ligi, zenan edebi baradaky söhbetler maslahatda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda enelere, gelin-gyzlara goýulýan hormat we döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Ogultäç Hojanazaro­wa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com