Arka­da­gyň paýha­syndan ak ýolla­ra rowa­na

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilen bilelikde guramaklarynda söhbetdeşlik geçirildi. «Arkadagyň paýhasyndan ak ýollara rowana» ady bilen geçirilen söhbetdeşlige kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, medeniýet, nebitgaz, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi ata Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan möhüm waka boldy. Forumyň gün tertibi Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy. Onda Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň tutýan orny, Hazarýaka döwletleriniň ösüşiniň geljekki ugurlary, durmuş-ykdysady ulgamlar, senagat, energetika, syýahatçylyk boýunça tagallalary birleşdirmegiň meseleleri, ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde deňziň mümkinçilikleri, söwda we haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmagy kämilleşdirmegiň döwrebap çemeleşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylynda ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen ösüşleriň täze tapgyrlaryna badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip zähmet çekýän halkymyzyň eziz Diýarymyza bolan söýgüsini wagyz edýän kärdeşler arkalaşyklarynyň we zenanlar birleşiginiň işjeň agzalary birinji Hazar ykdysady forumynda möhüm meselelere garalandygy barada buýsançly çykyşlarynda belläp geçdiler. Türkmenistan döwletimizi dost-doganlygyň ýurduna öwrüp, onuň dünýädäki abraý- -mertebesini, şan-şöhratyny belende göterýän, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, badalga berýän umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Nursoltan Dep­biýewa.. «Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com