“YLHAM JOŞÝAR ÝAŞYL TUGUŇ ASTYNDA – ÝAŞ ŞAHYRLAR AJAP DÖWRÜŇ WASPYNDA” ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň hem-de ýaş şahyrlarynyň gatnaşmaklarynda şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde gurnamagynda “Ylham joşýar ýaşyl tuguň astynda – Ýaş şahyrlar ajap döwrüň waspynda” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Medeniýet bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedow açyp, onda “Türkmenistan” gazetiniň bölüm redaktory Akmyrat Hojanyýazow,  Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik bňlüminiň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejepow, “Milli Goşun” žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmat Garlyýew, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň ýeňijisi, şahyr Öre Daşgynow we “Galkynyş” gazetiniň bölüm redaktory Ogultäç Oraztaganowa çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz

http://www.tradeunions-kardesh.gov.tm/tm/content/9270

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com