Zenan- zeminiň zynaty

Jemgyýetimizde türkmeniň öý-ojagynyň bezegi bolan mährem enelerimizdir gelin-gyzlarymyz baradaky alada esasy orunda durýar. Zenanlar bu gün zehini, başarnygy bilen durmuşymyzyň ähli ugurlaryndaky özgerişlere işjeň gatnaşýarlar, ösüp gelýän ýaş nesle asyllylygyň, edep-ekramlylygyň nusgasyny görkezýärler. Munuň şeýledigini Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylynda geçirilýän dürli bäsleşiklerde hem görmek bolýar. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guran «Zenan—Zeminiň zynaty» atly bäsleşigidir.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň welaýat tapgyry «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, gojaman Hazar deňziniň kenarynda geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanan zenanlar gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň şan-şöhratyny artdyrmakda alyp barýan maksatly tutumlaryndan ruhlanýan zenanlar özlerine edilýän hormat-sarpa mynasyp jogap bermekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyranoklar. Jemgyýetimizde maşgala ojagyny berkitmek, nesilleriň sagdynlygyny goramak, zenanlaryň durmuşda eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak babatda hem ençeme işler amala aşyrylýar. Şeýle bolansoň, asyrlaryň dowamynda edepli, terbiýeli nesilleri ýetişdirmekde dünýä tanalan halkymyzyň däp-dessurlaryny, hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde maşgala mukaddesligine goýulýan belent sarpany beýan etmek, Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk toýuny Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylynda zähmet üstünlikleri bilen garşylamak, asylly zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýän zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda milli tagamlary taýýarlamak we olary wagyz etmek bäsleşigiň esasy maksady boldy.

Bäsleşige gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara goýýan hormat-sarpasyna bolan ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etmekde güýç synanyşdylar. Soňra olar telärleriň üstüne haly düşäp, şol ýerde-de ak öýlere degişli bolan tärimleri, uklary milli öwüşgin çaýylan dürli reňkli gotazlar bilen bezemekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň jemleýji şerti has-da täsirli boldy. Onda zenanlar «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda çörek we çörek önümleri bolan gatlamadan, çelpekden, pişmeden, külçeden, petirden sergi guradylar. Şol çörek önümlerini gazallaryň, aýdyşyklaryň, goşgularyň üsti bilen wasp etmekde bäsleşdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Gumdag şäheriniň topary birinji,  Hazar şäheriniň topary ikinji we Magtymguly etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Olara sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ejeş Guwanjowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com