MAŞ­GA­LA­DA NE­SIL TERBI

Baý­ra­ma­ly şä­he­ri­niň 6-njy or­ta mek­de­bi­niň mej­lis­ler za­lynda TDP-niň we­la­ýat, Baý­ra­ma­ly şä­her ko­mi­tet­le­ri, Türk­me­nis­tanyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň we­laýat bö­lü­mi bi­len bi­le­lik­de “Sagdyn jem­gy­ýet, sag­dyn maş­ga­la, edep-ter­bi­ýe, gö­rüm-gö­rel­de, ha­lal zäh­met — bag­ty­ýar durmu­şyň göz­ba­şy” ady bi­len wagyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­ny geçir­di­ler. Du­şu­şyk­da TDP-niň we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň ýa­nyn­da­ky wa­gyz-ne­si­hat to­pa­ry­nyň agza­sy, TDP-niň Ma­ry şä­her komi­te­ti­niň baş­ly­gy He­kim­ber­di Oraz­ber­di­ýew, TDP-niň şä­her ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Aga­my­rat Se­ýit­ber­di­ýew, şä­he­riň 3-nji orta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my, Türkme­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň şä­her ge­ňe­şi­niň ag­za­sy Ak­ja­gül Ba­ba­ku­ly­ýe­wa, şä­he­riň 9-njy orta mek­de­bi­niň mü­di­ri Beg­my­rat Ak­mäm­me­dow çy­kyş et­di­ler. Çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çyly­gyn­da ýur­du­myz­da, şol san­da we­la­ýa­ty­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan bi­möç­ber iş­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di­ler. Ýaş­la­ry­my­zyň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, döw­re­bap ter­bi­ýe­li, sag­dyn dur­muş ýö­relge­le­ri­ne yg­rar­ly bo­lup ýe­tiş­mekle­ri üçin ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan mil­li gym­mat­lyk­lary­myz ba­ra­syn­da tä­sir­li gür­rüň ber­di­ler. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­na gat­na­şan­lar şeý­le eş­ret­li durmu­şy peş­geş be­ren Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­megi­ni ar­zuw et­di­ler.

Gadam ATAGULYÝEW. TDP-niň Baýramaly şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.

 

***

Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny ýy­lyn­da ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş, sag­dyn jemgy­ýet ýö­rel­ge­si­ni ýaş­la­ryň arasyn­da wa­gyz-ne­si­hat et­mek mak­sa­dy bi­len et­ra­byň şä­her me­de­ni­ýet öýün­de “Maş­ga­la­da ne­sil ter­bi­ýe­si­niň äh­mi­ýe­ti” diýen at bi­len çä­re ge­çi­ril­di. Bu çärä et­ra­byň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­mala­ry­nyň, po­li­si­ýa bö­lü­mi­niň ýer­li we­kil­le­ri, dil­le­ri se­na­ly il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar, kü­müş saç­ly ene­ler, il­kin­ji ýaş­lar gu­ra­ma­la­ry­nyň başlyk­la­ry, mek­dep­ler­de, eda­ra-kärha­na­lar­da zäh­met çek­ýän öň­deba­ry­jy ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Wa­gyz-ne­si­hat çä­re­sin­de çykyş eden­ler ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­ny wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek bi­len maş­ga­la­da ne­sil ter­bi­ýe­si­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin du­rup geç­di­ler. Esa­san-da, ýaş­la­ry ýa­ramaz en­dik­ler­den go­ra­mak, çi­limkeş­li­ge, nas­keş­li­ge, arak­hor­ly­ga gar­şy her bir ra­ýa­tyň bar­ly­şyksyz gö­reş­me­li­di­gi ba­ra­da nyg­talyp ge­çil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata Wa­ta­ny­myz­da ylym­ly-bi­lim­li, berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly, Wata­na we­pa­ly, giň dün­ýä­ga­ra­ýyşly, zäh­met­sö­ýer ýaş­la­ry ter­bi­ýele­mek­de il­ki bi­len maş­ga­la­nyň ter­bi­ýe­si­niň esa­sy çeş­me­di­gi bara­da­ky aý­dan­la­ry­na esas­la­nyl­dy. Şeý­le hem çä­re­de çy­kyş edenler be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň şam­çy­rag­dy­gy­na nus­ga­lyk görel­de bol­ýan Gah­ry­man Ar­ka­dagy­my­za çäk­siz min­net­dar­lyk­la­ryny bil­dir­di­ler.

Maksat TÄÇMUHAMMEDOW. TMÝG-niň Serhetabat etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

***

Et­rap ýaş­lar ge­ňe­şi et­rap mer­ke­zi ki­tap­ha­na­sy bi­len bile­lik­de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan kabul edil­ýän Per­man­la­ry, Ka­rarla­ry dü­şün­dir­mek, aka­ba­sy­ny müň­ýyl­lyk­la­ryň gat­la­ryn­dan alyp gaýd­ýan baý me­de­ni mi­ra­sy­myzy, aja­ýyp däp-des­sur­la­ry­myzy, edep-ek­ram­ly­ly­gy, maş­ga­la mu­kad­des­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len ge­lin-gyz­la­ryň arasyn­da “Ah­lak aras­sa­ly­gy — ru­hy tä­miz­lik” ady bi­len wa­gyz-ne­si­hat çä­re­si­ni ge­çir­di. Çä­re uly ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, on­da et­rap hä­kim­li­giniň bö­lüm mü­di­ri, ze­nan­lar gura­ma­sy­nyň baş­ly­gy So­na Amma­to­wa, et­rap ýaş­lar ge­ňe­şi­niň gu­ra­ma­çy­lyk bö­lü­mi­niň esa­sy hü­när­me­ni Aý­gül Gül­le­ko­wa, TDP-niň et­rap ko­mi­te­ti­niň par­tiýa gu­ra­ma­çy­sy Gü­la­ýym Rahma­no­wa çy­kyş et­di­ler. Şol çykyş­lar­da türk­men ýaş­la­ry­nyň edep-ek­ra­my, ah­lak aras­sa­ly­gy, ru­hy tä­miz­lik, maş­ga­la mu­kaddes­lik­le­ri ba­ra­da aý­dy­lyp ge­çil­di.

Ogulgerek ALLABERDIÝEWA. TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com