Ýol—abat, il—abat

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanyp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde geçirilen wagyz-ündew maslahatyna jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş, medeniýet, nebitgaz ulgamlarynyň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat kazyýetiniň we wela- ýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözeg- çiligi bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen wagyz-ündew maslahaty «Ýol—abat, il—abat» diýlip atlandyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen indi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy» atly biraý- lygyň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçinem hereket howpsuzlygynyň biraýlygyny talabalaýyk geçirmek möhüm mesele bolup durýar. Hereketiň howpsuzlygy köp zatlara baglydyr. Bu babatda sürüjiniň taýýarlygyna, hüşgärligine, ulaglaryň tehniki ýagdaýlaryna, pyýadalaryň öz borçlaryna düşünişlerine aýratyn orun degişlidir. Kähalatlarda borçlaryna jogapkärçilikli çemeleşmeýän, ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmegi zerur hasaplamaýan sürüjilere-de gabat gelinýär. Kadalara biperwaýlyk bilen çemeleşilmeginiň ýaramaz ýagdaýlara eltjekdigi bolsa hemmä mälim hakykatdyr. Birleşen tagallanyň şeýle kemçilikleriň aradan aýrylmagyna ýakyndan ýardam edýändigi barada wagyz-ündew maslahatynyň dowamynda edilen çykyşlarda giňişleýin bellenildi. Ilimiziň abadan, ýollarymyzyň abat bolmagy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Nursoltan Dep­biýewa. «Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com