ŞOWHUNA BESLENDI

Eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de bol­şy ýa­ly, Mary we­la­ýat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bimiz­de hem Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni uly şow­hu­na beslen­di. Bu aja­ýyp baý­ram­çyly­gy bel­le­mek hem-de tä­ze okuw ýy­ly­na ga­dam bas­mak üçin ta­lyp ýaş­la­ryň en­çe­mesi mek­de­bi­mi­ziň how­lu­sy­na üýş­dü­ler. Ir sä­her bi­len baş­la­nan aý­ dym-saz­ly baý­ram­çy­lyk daba­ra­syn­da or­ta hü­när okuw mek­de­bi­mi­ziň di­rek­to­ry Aleksandr Ama­now öz gut­lag söz­le­ri bi­len çy­kyş et­di. Ol öz çy­ky­şyn­da ta­lyp ýaş­la­ra Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny ýy­lyn­da okuw­la­rynda üs­tün­lik ga­za­nyp, yh­las­ly oka­mak­la­ry­ny, mu­gal­lym­la­ra bol­sa iş­le­rin­de ro­waç­lyk­la­ryň ýa­ran bol­ma­gy­ny ar­zuw­la­dy. Döw­let se­na­sy­nyň ýaň­ lan­ma­gy, Döw­let tu­gu­nyň al-as­ma­na gö­te­ril­me­gi bi­len baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy açyk diý­lip yg­lan edil­di. Onuň dowa­myn­da pro­fes­sor-mu­gallym­lar­dyr ta­lyp ýaş­lar çy­kyş edip, öz ýü­rek buý­sanç­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Şeý­le-de bu da­ba­ra­da ta­lyp ýaş­la­ryň taý­ ýar­lan baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti hem bol­dy. On­da ata Wa­tany­my­zy, alym Ar­ka­da­gy­myzy wasp ed­ýän şi­rin­den-şi­rin aý­dym­lar ýaň­lan­dy. Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len aja­ýyp tans­lar bol­sa hem­me­le­riň göw­nü­ni gö­ter­di. Buý­sanç­ly da­ba­ra­da or­ta hü­när okuw mek­de­bi­mi­ziň 2-nji ýyl ta­lyp­la­ry 1-nji ýyl ta­lyp­lara ta­lyp­lyk şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we mek­de­bi­mi­ziň sim­wo­li­ki aça­ry­ny gow­şur­dy­lar. Onuň yz ýa­nyn­dan ta­lyp­la­ryň äh­li­jesi Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ze, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we­paly­lyk ka­sa­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­diler. Şun­luk­da, il­kin­ji ja­ňyň se­si ýaň­lan­dy. Bu bol­sa tä­ze okuw ýy­ly­na ga­dam ba­sy­lan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Tä­ze okuw ýy­ly­nyň ba­şynda “Türk­me­nis­tan — ro­waç­ ly­gyň Wa­ta­ny” at­ly il­kin­ji sapa­k hem örän tä­sir­li bol­dy. Maýsa NURKLYÇEWA. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň hünärmeni, zenanlar guramasynyň başlygy

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com