Täze ösüşlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dün­ ýä halklarynyň hem eşretli ýaşaýşyna öz täsirini ýetirýändigi buýsandyrýar. Çünki mähriban Arkadagymyz dünýä ýurtlarynda halkara derejede geçirilýän forumlardaky, maslahatlardaky çuň manyly çykyşlarynyň ählisinde adam hakdaky aladany öň hatarda goýýar. Munuň özi pederlerimiziň ynsanperwerlik ýoluna eýerýän mähriban Arkadagymyzyň dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky abraý-mertebesini öňküden-de beýgeldýär, Garaş­ syz ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny has-da berkidýär. Hazarýaka döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň Türkmenistanda geçirilmegi hem ata Watanymyzyň dünýä gi­ ňişligindäki abraýynyň, milli Liderimiziň sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibi kenarýaka ýurtlaryň, şeýle-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly ähli hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy. Garaşsyz ýurdumyz gojaman Hazaryň köpugurly täze mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşup, onuň «Parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi» diýen derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Bu forum Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzidigini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň ýeridigini ýene-de bir gezek bütin dünýä äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz birinji Hazar ykdysady forumynda eden çyky­ şynda: «Hazar deňzi dünýädäki täsin ýerdir. Bu ýerde, onuň kenarlarynda asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda gatnaşyklaryň aýratyn, özboluş­ ly görnüşi emele geldi. Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky siwilizasion gatnaşyklaryň köprüleri guruldy» diýip belledi. Hakykatdan-da, gadymy döwürlerden bäri söwda ýollarynyň merkezinde ýerleşen Hazar deňzi Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolup, Aziýanyň we Ýewropanyň halklarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ähmiýetli orny eýeläp gelýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly bilen ata Watanymyz dün­ ýä ýurtlary bilen dürli ugurlarda özara hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Şol sanda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýaty bilen hem däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwer gatnaşyklary dowam etdirilýär. Olaryň arasynda köp ugurlarda ýola goýlan ikitarapla­ ýyn gatnaşyklar ýyl-ýyldan dostlukly we netijeli häsiýete eýe bolýar. Hazar deňziniň ýurtlarynyň 2018-nji ýylyň okt­ ýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ikinji Çagalar medeni sport festiwalyna astrahanly mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagy, şu ýylyň iýun aýynda Astrahan şäherinde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bilelikdäki konserti iki dostlukly ýurduň özara gatnaşyklarynyň barha berke­ ýändigini alamatlandyrýar. Birinji Hazar ykdysady forumy Türkmenistanyň Astrahan welaýaty bilen özara hyzmatdaşlygynda tä­ ze ugurlara badalga berdi. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Işewür zenanlarynyň birleşiginiň arasynda hyzmatdaş­ lyk etmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň barha pugtalandyrylmagyna itergi berýän bu resminamanyň ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işiniň göwrüminiň has giňemegine, mazmunynyň baýlaşmagyna täsiri juda uludyr. Çünki munuň özi halkara derejede tejribeleri baýlaşdyrmaga giň mümkinçilik berýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň adam hakdaky aladasynyň netijeliliginiň aýdyň mysaly bolup şöhlelenýär. Häzirki wagtda türkmen zenanla­ry milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşlerine, ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň jebisligine, agzybirligine başarjaňlyk bilen öz goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Işewür zenanlarynyň birleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek babatda baglaşylan Ähtnamada, hut şu aýratynlyklardan ugur alýar. Bu Ähtnamada zenanlaryň jemgyýetde özlerini erkin duýmaklary, döwrüň ösüşlerine ynamly goşulyşmaklary babatda tagallalaryň birikdirilmegi nazara alynýar. Iki dostlukly ýurduň arasynda baglaşylan taryhy resminama mähriban Arkadagymyzyň «Zenanlar — Watanymyzyň buýsanjydyr» diýen göwünlerimize ganat bekleýän şygarynyň, ýurdumyzda zenanlara goýulýan çuňňur hormat-sarpanyň nobatdaky teswirnamasy bolup, köňüllerde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Ähtnamanyň çäklerinde amal edilmeli işler iki ýurduň zenanlarynyň arasynda milli döredijiligiň, telekeçiligiň ösdürilmegine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň ornunyň, olaryň bilim we hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine ýardam eder. Ähtnamanyň umumy düzgünlerine laýyklykda taraplar öňde goýlan maksatlara ýetmegiň we umumy bähbitleri durmuşa geçirmegiň barşynda özara gatnaşyklaryny deň­ hukuklylyk, ynanyşmak we ynsaply hyzmatdaşlyk, şeýle hem biri-biriniň bähbitlerini goramak esasynda guramaga borçlanýarlar. Türkmenistanyň hem-de Astrahan welaýatynyň zenanlar birleşikleriniň arasynda baglaşylan Ähtnamanyň di­ ňe bir iki dostlukly ýurduň däl, eýsem, umumadamzadyň bähbitlerine gulluk edýän meselelerde hem ähmiýetli ornunyň boljakdygyna ynanýarys. Çünki diňe parahatçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgeleri arkaly howpsuz ýaşaýşy gazanyp boljakdygyny durmuş tejribesi doly subut etdi. Hut şoňa gö­ rä-de, dünýä üçin umumy meseleleri çözmekde birleşmegiň wajypdygy babatdaky taglymatlara Türkmenistan mydama-da ygrarly bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen baglaşylýan halkara derejedäki baý mazmunly resminamalar zenanlaryň arasynda alnyp barylýan işleriň düýpgöter özgermegine, onuň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyna täsir edýär. Birinji Hazar ykdysady forumynda baglaşylan Ähtnamany hem bu işlerde biziň üçin döredilen uly mümkinçilik diýip hasap edýäris. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzy gülläp ösüşlere beslemek, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny täzeçe ösdürmek we kämilleşdirmek, halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmek syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen zenanlary hem döwletimiziň syýasy durmuşynda ýokary işjeňlik görkezip, öz syýasy hukuklaryndan, şol sanda döwlet häkimiýetiniň ähli wekilçilikli guramalaryna saýlamak we saýlanmak hukuklaryndan doly peýdalanýarlar. Döwlet işlerini, ykdysadyýeti dolandyrmakda, jemgyýetçilik işlerinde öz maksatlaryny amala aşyrmakda ýurduň kanunçylygy zenanlarymyza giň mümkinçilikleri kepillendirýär. Ýaş nesli arassa ahlakly, kämil, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýelemekde zenanlarymyzyň mynasyp orny bar. Mähr iban hem Gahr ym a n Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, şeýle-de ýerlerdäki zenanlar guramalary hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli döwlet syýasatlaryny halkymyzyň arasynda wagyz etmekde, kabul eden maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde mundan beýläk hem ukyp-başarnygyny, gujur-gaýratyny sarp edip, yhlasly işlejekdiklerine ynandyrýarlar. Bagtyýar halkymyzyň, mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ylym-bilim almagy, döredijilikli iş­ lemegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli amatlyklary döredýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň zyýada, işleriniň rowaç, ýurdunyň abadan bolmagyny arzuw edýäris.

Gurbangül ATAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com