Habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2019-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy  işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda “Türkmen elektrik energiýasy-durnukly ösüşiň aýdyň ýoly” atly maslahat geçirildi.

 

  Gahryman Arkadag Prezidentimiziň parasatly, öňdegörüjilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde döwletimizde ýokary depginli ykdysady ösüş gazanylýar.

     Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatynyň esasynda içerki sarp edijilerimizi elektrik energiýsy bilen ygtybarly üpjin etmek, şeýle hem hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylykly ýaşaýşyň, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň hatyrasyna türkmen energiýa serişdelerini dünýä halklaryna hem elýeterli etmek maksady durandyr. Bu asylly maksady durmuşa geçirmek  üçin Arkadag Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzda elektrik energiýsyny öndüriji kuwwatlyklaryň ýeterlik möçberi döredilýär. Bu ösüşler ýurt Garaşsyzlygymyzyň döreden mümkinçilikleri esasynda milli Liderimiziň baştutanlygynda gülläp ösüşiň we abadançylygyň ýolundan öňe ynamly gadam urýandygymyzy  wagyz-ündew etmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda “Türkmen elektrik energiýasy-durnukly ösüşiň aýdyň ýoly” atly maslahat geçirildi.

   Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygynyň işgärleri gatnaşdylar.

   Maslahaty Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň başlygy Durdyýewa Arzygül açyp, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýetilen sepgitler barada “Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik kärhanasynyň bölüm müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annaýew Gurbanmyrat, “Döwletenergogözegçilik” kärhanasynyň baş hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annamyradow Maksat, “Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy önümçilik birleşiginiň inženeri Abaýew Ezizmuhammet, Baş döwlet seljeriş müdirliginiň baş hünärmeni Taçgulyýew Döwran çykyş etdiler. Maslahatyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bäbitli tutumly işleriniň rowaç almagy arzuw edildi.

 

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merrkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň baş hünärmeni

O.Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com