HABARLAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde telekeçilik ulgamynda  netijeleri gazanýan zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Biziň başarnyklarymyz” atly sergi-maslahaty geçirildi.

 

   Ähli ösüşlerimiziň, özgerişlerimiziň gözbaşynda duran parasatly Liderimiziň syýasaty netijesinde ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, rowaçlyklar, ýetilen belent sepgitler bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýar. Bu günler berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp döwletimizde toýlar toýa beslenýär.

   Ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň gülläp ösmeginde türkmen telekeçilerine uly orun degişli bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz telekeçilik ulgamynyň ösmegine uly üns berýär. “Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” ýylynda ýurdymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllyk baýramy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde telekeçilik ulgamynyň uly  netijeleri gazanýandygyny wagyz etmek maksady bilen ”Biziň başarnyklarymyz”  atly sergi-maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzalary, ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary we dürli pudaklarda zähmet çekýän wekiller gatnaşdylar.

Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Ballyýewa Jennet açyp, onda telekeçi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy Orazgül Eýeberdiýewa, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş institutynyň baş hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Aýna Açilowa, telekeçi, Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy,  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Nurjahan Täçmyradowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Dokma senagaty işgärleriniň KA-y boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Biznes reklama” gazetiniň jogapkär kätibi, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Aýgül Aşyrmedowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň KA-nyň tehnik gözegçisi Tawus Sahatmyradowa çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar öz halkyny bagtly günlerde ýaşatmagyň aladasyny edip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýudumyzy şan-şöhratly ýollar bilen beýik üstünliklere ýetirýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler 

 

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merrkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň baş hünärmeni O. Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com