ABADAN ÝAŞAÝŞYŇ ÖZENI

Bagtyýarlyga beslenen eşretli döwrümizde döwletimizde hereket edýän kanunçylyk namalarynyň dürs we dogry ýerine ýetirilmegini gazanmak, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygyny emele getirmek ýurdumyzyň harby-hukuk goraýjy edaralarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan tassyklanan birnäçe iş Meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygiň çägindäki çäreler hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli düzüm birlikleri beýleki harby-hukuk goraýjy edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat işlerini giň gerimde alyp barýar. Bu wagyz-nesihat işlerinde Watan mukaddesligi, nesil terbiýesi ýaly meseleler barada giňişleýin durlup geçilýär.
Golaýda Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň, welaýat kazyýetiniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçirilen duşuşyk hem netijeli boldy. Wagyz-nesihat duşuşygynyň barşynda ýol hereketiniň kadalary, sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky söhbet giň mazmuna eýe bolmak bilen, ýaş neslimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak çykyşlaryň düýp özenini düzdi.
«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň iş meýilnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň ygtyýarynda bar bolan tehnikalaryň, awto, moto ulaglaryň üsti bilen alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler utgaşykly alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak barada uly alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Maksat ÇARYÝEW, Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri, polisiýanyň maýory.
SURATLARDA: mekdepde geçirilen çäreden pursatlar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com