HÜNÄR BAÝRAMÇYLYGYNYŇ ŞANYNA

ÖŇŇIN welaýatymyzda Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi. Bu sene mynasybetli Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde welaýat derejesinde geçirilen dabara köp adamly boldy. Ony welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi bilelikde gurady.
Dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdyldy. Çykyş edenler Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününiň bilelikde uludan toýlanylmagynyň ähmiýetini bellediler hem -de täze taryhy döwrümizde bu ulgamlarda guwandyryjy üstünlikleriň gazanylýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Bu bolsa, ata Watanymyzyň günsaýyn gülläp ösmegine özboluşly itergi bolýar.
Gutlag sözlerinden soňra, toýuň arzyly myhmanlaryna — gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudagynyň öňdebaryjy işgärleriniň uly toparyna baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi dabara baý many öwüş giň çaýyp, seýilgähiň toý ruhubelentligini belende göterdi. Esasy sahnada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar göwün göteriji häsiýeti bilen, ol ýere ýygnananlaryň kalbyny heýjana getirdi.
Welaýatymyzyň Medeniýet müdirliginiň we etraplaryň medeniýet merkezleriniň aýdym-saz, tans -halk döredijilik toparlarynyň hoş owazly çykyşlarynda bagtyýar döwrümiziň, ata Watanymyzyň, Arkadag Prezidentimiziň tutumly işleriniň, zähmet adamlarynyň waspy öz beýanyny tapdy. Şatlyk-şowhunly, joşgunly çykyşlaryň her biri dowamly el çarpmalar bilen garşylandy.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: dabaradan pursatlar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com