HABARLAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygynyň uludan toýlanylýan “Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Eziz Diýarymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitler türkmen halkynyň, ýurdymyzyň  zenanlarynyň göwünlerini galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdymyzy çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Milli Liderimiziň parasatly hem-de öňdegörüjilikli pikirleri esasynda işlenip düzülen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” bilen güneşli diýrymyz täze ösüş hem-de özgerşikler ýoluna gadam basdy.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýunyň dabaralynýan günlerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem bir näçe çäreleri alyp barýar. Muňa mysal edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde telekeçilik ulgamynda  netijeleri gazanýan zenanlaryň arasynda “Ylym-bilim berkaralygymyzyň badalgasy” atly sergi – maslahaty, dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanalarymyz bilen ýurdymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 28-ýyllygyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görilýän taýýarlyklar barada  tegelek stolynyň başyndaky söhbetdeşlikleriň ýazgysy, Türkmenistanyň  Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdymyzyň baýramçylyklarynyň öň ýanynda mähriban  halkymyza peşgeş beren  “Türkmen albaýy” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy we Garaşsyzlyk ýyllar içinde ýetilen sepgitleri barada bir näçe maslahatlar hem geçirildi.

      Ata Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna ýokary öndürijilikli zähmet çekmek üçin ajaýyp şertleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Guramaçylyk we medeniköpçülik

 işleri bölüminiň baş hünärmeni    

  O.Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com