EŞRETLI GELJEK — ZENAN KALBYNDA

Wa­ta­ny­my­zyň ebe­di aba­dan­çy­ly­gy, hal­kymy­zyň bag­ty­ýar, eş­ret­li dur­mu­şy üçin nus­ga­lyk iş­ler ama­la aşy­ryl­ýan eziz Di­ýa­ry­myz uly to­ýa — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 28 ýyl­lygynyň şan­ly baý­ra­my­ny giň­den toý­la­ma­ga taý­ýar­lanýar. Ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my­nyň şa­ny­na geçi­ril­ýän aý­dym-saz­ly çä­re­ler­dir mas­la­hat­lar wela­ýa­ty­my­zyň dur­mu­şy­ny gur­şap al­ýar. Şeý­le mas­la­hat­la­ryň bi­ri Baý­ra­ma­ly şä­he­rin­dä­ki S. Türk­men­ba­şy adyn­da­ky şy­pa­ha­na­nyň mej­lis­ler za­lyn­da hem gu­ral­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň wela­ýat bö­lü­mi, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler arka­la­şy­gy­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len mas­la­hat “Eş­ret­li gel­je­gi na­zar­la­ýan mas­la­hat” diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Oňa we­la­ýat, etrap-şä­her ze­nan­lar bö­lüm­le­ri­niň, TKA-nyň wela­ýat, et­rap, şä­her bir­leş­me­le­ri­niň ýol­baş­çylary we jo­gap­kär iş­gär­le­ri, il­kin­ji gu­ra­ma­la­ry­nyň baş­lyk­la­ry­dyr iş­jeň ag­za­la­ry, dür­li pu­dak­lar­da zäh­met çek­ýän ze­nan­lar­dyr mäh­rem ene­ler gat­naş­dy­lar. Şä­he­r­den ýa­şu­ly ene Ak­ja­gül Ba­ba­ku­ly­ýe­wa, TKA-nyň şä­her bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy Jen­net Aga­ýe­wa, şä­he­r­dä­ki 1-nji or­ta mek­de­biň mü­diri, şä­her halk mas­la­ha­ty­nyň ag­za­sy Ogul­gur­ban Gar­ja­no­wa, Baý­ra­ma­ly ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my Oraz Ab­dy­ýew, şä­he­riň aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň baş luk­ma­ny, şä­her halk mas­la­ha­ty­nyň baş­ly­gy Me­kan Şi­row, TKAnyň Şat­lyk şä­her bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy Gur­banmu­ham­met Ba­ba­ýew şu ýo­kar­da­ky maz­mun­ly çy­kyş­la­ryn­da hem­me­le­re baýramçy­lyk gut­la­gyny ýe­tir­di­ler.

A. MUHAMMEDOWA.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com