HALKYŇ RUHY ÇYRAGY

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda bu ýere gezelenç guraldy. Oňa Mary şäher zenanlar geňeşiniň işjeň agzalary, welaýat tebigaty goramak jemgyýetiniň hem-de kitaphana işgärleri gatnaşdylar. “Halkyň ruhy çyragy” ady bilen guralan gezelenje gatnaşanlar bu ýerde muzeý gymmatlyklaryndan, täsin tapyndylardan guralan sergä syn etdiler. Halkymyzyň şanly geçmişinden söz açýan gadymy hem milli gymmatlyklarymyz, olaryň arkama-arka dowam edip gelýändigi hakyndaky muzeýiň ylmy işgärleriniň beren gyzykly gürrüňleri ünsi çekiji boldy. Türkmeniň şöhratly geçmişine, baý mirasyna gyzyklanma döreden gezelenç oňa gatnaşanlarda täsir galdyrdy.

Aý­lar AB­DUL­LA­ÝE­WA.

TMÝG-niň Ma­ry şä­her geňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com