Baky bagtyň güwäsi

Garaşsyzlyk döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň mizemez esasy bolup durýar. Şonuň üçinem pederlerimiziň Garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-isleglerini, halkymyzyň guwanç-buýsanjyny we ak ertirlerimize bolan ynamyny özünde jemleýän Garaşsyzlyk baýramy şatlyk-şowhunly dabaralar we mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylanýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp, welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Aýly agşam» toý-dabaralary merkezinde geçirilen aýdym- -sazly çäre bagtyýar raýatlary üsti naz-nygmatly türkmen saçagynyň başyna jemledi. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, TDP-niň welaýat we Balkanabat şäher komitetleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabara dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlar gatnaşdylar. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolnandan soňra, keremli türkmen topragynda parahat, abadan durmuşda agzybirlikli ýaşamak babatyndaky nesilden-nesle geçip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz rowaçlyk tapdy. Şeýle belent bagta ýeten Türkmenistan döwletimiz ähli halklaryň bagtyýarlygynyň hem abadançylygynyň hatyrasyna oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň goldaýan ýurt hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bu babatda uly ösüşler gazanyldy. Amala aşyrylýan belent tutumlaryň hemmesi-de her bir raýatyň we tutuş jemgyýetiň bähbidini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere buýsanç bu ýerde edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Çärede welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde şirin owazly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, joşgunly tanslar, küştdepdidir gazallar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Olarda mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, il agzybirliginiň, dost-doganlygyň waspy ýetirildi.

Nursoltan Dep­bi­ýewa.

. «Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com