ÖSÜŞLERIŇ BAŞ BINÝADY

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ýy­lyň 16-njy sent­ýab­ryn­da sanly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren wi­deo­kon­fe­ren­si­ýa­synda ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «2021-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly aý­dy­lan hoş ha­bar we­la­ýa­ty­my­zyň bag­ty­ýar ila­tyn­da eg­sil­mez şat­lyk duý­gusy­ny dö­ret­di. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne we­la­ýa­tyň dür­li kün­jek­le­rin­de giň ge­rim­de ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­ly mas­la­hat­lar­da aý­dyň­ly­gy bi­len göz ýe­tir­mek bol­ýar. Geçen hepdäniň anna güni Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen dabaraly maslahat hem bu hoş habara bagyşlandy. Welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçiligiň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdy. Dabaraly maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýew açmak bilen, dünýäniň abraýly halkara guramasyndan gelip gowşan hoş habaryň taryhy ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňe ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri bilen alyp barýan ysnyşykly gatnaşyklary barha işjeňleşýär. Sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga, onuň durnukly ösüşiniň maksatnamalaýyn wezipelerini çözmäge gönükdirilen çemeleşmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ugry we bu ugurdaky halkara başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegini şertlendirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýuna barýan bu şatlykly günlerimizde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde goldaw tapýandygynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Dabaraly maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Geldimyrat Gökleňow, şol wekilhananyň referenti Maýsa Abaýewa çykyşlarynyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli dabaraly maslahata gatnaşyjylary gutladylar. Olaryň belleýşi ýaly, nobatdaky Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylygy pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmak, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmek, özara hormat goýmak we bähbitli hyzmatdaşlyk ruhuny berkitmek işinde saldamly goşant goşýan döwlet hökmünde ykrar edilendigini görkezýär. Awtordaşlary hökmünde 73 döwlet çykyş eden BMG-niň bu Kararnamasynda öňüni alyş diplomatiýasynyň ösdürilmegi we berkidilmegi, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada bellenip geçilýär. Kararnamada “Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar” diýlip bellenilýär we parahatçylyk medeniýetini wagyz etmek boýunça tagallalary we işleri işjeňleşdirmäge çagyrýar. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ataguly Mälikgulyýewiň, TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Merdanaly Orazberdiýewiň çykyşlarynda hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegi bilen baglanyşykly buýsançly sözler aýdyldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjeler bolup, olar bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertidir. Şoňa göräde, halkara işlerde jedelli meseleleri, gapma-garşylyklary diplomatik usullar arkaly çözmekde, adalatly we netijeli dünýä tertibini kemala getirmekde ýardam bermek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üýtgewsiz esasydyr. Dabaraly maslahatda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylygy söýmek, ynsanperwerlik häsiýetleriniň we däpleriniň dowam etdirilmegi, täze öwüşginde baýlaşmagy we kämilleşmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary barada aýratyn gurrüň edildi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Hazar strategiýasynyň ähmiýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň resminamalarynda öz anyk beýanyny tapmagy ýurdumyzyň dünýäniň syýasy giňişligindäki ornunyň barha berkeýändiginiň hem dabaralanmasyna öwrüldi. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesini Ýer ýüzünde barha belende göterýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com