Işleriň sazlaşykly guralmagy üstünliklerimiziň gözbaşydyr

Ge­çen du­şen­be gü­ni we­la­ýat häkim­li­gin­de mas­la­hat ge­çi­ril­di. Oňa Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň we kä­bir et­rap­la­ryň hä­kim­le­ri, eda­ra-kär­hana­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, jem­gy­ýet­çilik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri ça­gyryl­dy. Mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne, esa­san, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 13-nji sent­ýabr­da ge­çi­ren Mi­nistrler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ýur­du­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn özgert­mek­li­ge, hal­ky­my­zyň hal-ýagda­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ry üstün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek ba­ra­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny gy­şar­nyk­syz ama­la aşyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Mas­la­ha­ty we­la­ýa­ty­my­zyň häki­mi Taň­ry­gu­ly Ata­hal­ly­ýew açyp, ge­çen se­kiz aýyň je­mi bo­ýun­ça we­la­ýa­ty­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da, yk­dy­sa­dy­ýet, se­na­gat we gur­luşyk pu­dak­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler ba­ra­da giňiş­le­ýin du­rup geç­di. Ol «Türk­menis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­leriň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şer­ti­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li döwür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li Mak­sat­na­ma­sy­nyň» we we­la­ýa­tymy­zyň se­na­gat pu­da­gy­ny ös­dürmek­li­ge gö­nük­di­ri­len Ka­rar­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da söz açyp, şu gün­ler we­la­ýa­ty­myz­da mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­la­ryň, me­de­ni-durmuş mak­sat­ly bi­na­la­ryň, şeý­le-de in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň bir­näçe­si­niň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­kim we­la­ýat met­ji­din­de, şeý­le-de Türk­me­na­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­ýan ýo­luň ugrun­da amat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de, şeý­le-de Çär­jew, Saýat, Ha­laç we Ker­ki et­rap­la­ryn­da döw­re­bap şä­her­çe­le­ri dö­ret­mek bilen bag­la­nyşyk­ly gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry dep­gi­nde do­wam ed­ýän­di­gi ba­ra­da gür­rüň et­di. Soň­ra we­la­ýa­ty­my­zyň hä­ki­mi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Mi­nistrler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de se­bit bo­ýun­ça oba ho­ja­lyk ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan gör­ke­zi­ji­le­ri sel­jer­mek bi­len, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk çä­re­le­ri­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, pag­ta ýy­gy­my­nyň dep­gi­ni­ni ýo­karlan­dyr­mak, güýz­lük bug­daý eki­şi­ni öz wag­tyn­da ta­mam­la­mak ba­ra­da be­ren gör­kez­me­le­ri­ni gi­jik­dir­män ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len bag­la­ny­şykly we­zi­pe­le­riň üs­tün­de bi­rin-birin du­rup geç­di. Şu­ňa la­ýyk­lyk­da mas­la­ha­tyň bar­şyn­da zäh­met­keş pag­ta­çy we gal­la­çy kä­ren­de­çi­le­ri teh­ni­ki se­riş­de­ler we beý­le­ki hyzmat­lar bi­len üp­jün et­mek hem-de möw­sü­mi ne­ti­je­li ta­mam­la­mak bilen bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re aý­ratyn üns çe­kil­di. Bu iş­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny bök­denç­siz ulanmak, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň iň soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýyg­na­lyp alyn­magy­ny ga­zan­mak bo­ýun­ça de­giş­li eda­ra-kär­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ryna anyk tab­şy­ryk­lar be­ril­di. Şeý­le hem hä­zir­ki gyz­ga­laň­ly dö­wür­de kä­ren­de­çi­le­re me­de­ni we beý­le­ki hyz­mat­la­ry yzy­gi­der­li ýo­la goý­mak, döw­let öňün­dä­ki şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny il­kin­ji­le­riň ha­taryn­da amal eden kä­ren­de­çi to­parla­ry­nyň, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň we et­rap­la­ryň pag­ta­çy­la­ry­ny hö­weslen­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly mese­le­ler bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Mas­la­hat­da şu gaý­ra­go­ýul­ma­syz me­se­le­ler bi­len bir­lik­de sent­ýabr aýyn­da bel­le­nil­jek şan­ly se­ne­le­re, baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da hem dur­lup ge­çil­di. Çy­kyş edenler mil­li Li­de­ri­mi­ziň Mi­nistr­ler Ka­bine­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny gy­şar­nyk­syz ýe­rine ýe­tir­mek ug­run­da ne­ti­je­li iş­läp, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne sal­dam­ly go­şant­la­ry­ny goş­jak­dyk­la­ry­na we go­laý­la­şyp gel­ýän be­ýik Ga­raş­syzly­gy­my­zyň şan­ly 28 ýyl­lyk to­ýu­ny my­na­syp zäh­met sow­gat­la­ry bi­len gar­şy­la­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar. Şu­lar dog­ru­syn­da edi­len çy­kyşlar­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wata­ny­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dürmek, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da ed­ýän bi­möç­ber iş­le­ri üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za köp sag­bol­sun aýdyl­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, ba­şy­nyň dik bol­magy, gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň aba­dan­çyly­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na gö­nük­di­ri­len ilýurt bäh­bit­li iş­le­rin­de ro­waç­lyk­la­ryň ýa­ran bol­ma­gy ar­zuw edil­di.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com