2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly
Kaka etrap Galla önümleri kärhanasynyň mejlisler jaýynda «Zenan gözelligi» diýen at bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ony TDP-niň etrap komiteti hem-de Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi bilelikde gurady. Maslahatda her bir mukaddes ojagyň eýesi boljak ýaş gyzlaryň päk ahlakly, lebzi halal, sada, gözel görkli bolup ýetişmekleri baradaky söhbede aýratyn orun berildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işewür agzalarynyň, mährem eneleriň, mekdep mugallymlarynyň, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň we ýetginjek gyzlaryň gatnaşmagynda geçen maslahatyň dowamynda ýaş gyzlara gymmatly öwüt-ündewler edildi. Maslahatda edilen çykyşlar özüniň täsirliligi bilen ýatda galyjy boldy.
Kemal ÇARYÝEW,
TDP-niň Kaka etrap komitetiniň işgäri.
© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021 Email: tzb@online.tm