SAGDYN DUR¬MUŞ — ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY

Şeýle at bilen “Ahaltelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan maslahata welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy. Wagyz-nesihat häsiýetli maslahaty “Ahaltelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hukuk gözegçisi Myrat Annagulyýew açyp, ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagy, ýokary amatly şertlerde zähmet çekmegi ugrunda edilýän tagallalar baradaky gürrüňe ünsi çekdi. Maslahatda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Döwletnazar Öwezow, TDPniň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Çemen Könäýewa, welaýat Polisiýa müdirliginiň wekili Maksat Çaryýew, “Ahaltelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Yslam Muhammetnurow dagynyň eden çykyşlary uly täsir galdyrdy. Olaryň çykyşlarynda jemgyýetimizde ahlak gymmatlyklaryny we milletimiziň belent ruhy ýörelgelerini saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde zenanlara uly ornuň degişlidigi barada aýdylyp, gelin-gyzlaryň edep-ekramlylygy bilen baglanyşykly gürrüňe üns çekildi. Zenanlary bezeýän ýagşy häsiýetler, olaryň geýinmek medeniýeti we päk ahlaklylyk barada aýdylanlar we şonuň bilen baglanyşykly edilen öwüt-ündewler maslahatyň ähmiýetini artdyrdy.

Yhlas SAPAROW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com