AÝDYM-SAZA UTGAŞDY

Tejen şäherindäki Medeniýet öýünde şäher häkimliginiň we şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa edara-kärhanalarda, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdy. Dabara medeniýet merkeziniň bilbil owazly aýdymçylary, şeýle-de wäşiler özleriniň göwün göteriji çykyşlary bilen şowhun goşdular. Sungat ussatlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, hormatly Prezidentimiziň taryha ýaň salýan beýik işleriniň waspyny ýetiren aýdymlary dowamly el çarpmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň abadançylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Gülbahar ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen şäher birleşmesiniň işgäri.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com